Watanymyzyň kuwwaty ýaşlar

1 Fewral 2021
1450

Mähriban Prezidentimiz ylymly-bilimli, halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna belent sarpa goýýan, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän, saýlan hünäriniň eýesi bolup, döwletimiziň ösüşine mynasyp goşant goşmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmegi bagtyýarlyk döwrümiziň möhüm wezipeleriniň biri hökmünde kesgitleýär.

Milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş taglymatly ynsanperwer döwlet syýasatynda mynasyp orun alan ýaşlaryň okamaklary, işlemekleri, sport bilen meşgullanmaklary, dynç almaklary üçin ähli şert-mümkinçilikleriň döredilýändigi buýsandyryjy ýagdaýdyr. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň möhüm wakasy hökmünde kabul edilen «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan işler hem bu ajaýyp hakykatyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Şasenem ORAZGULYÝEWA,
Balkanabat şäherindäki 17-nji orta mekdebiň mugallymy.