Kompýuter sowatlylygy — esasy ugur

14 Ýanwar 2021
1831

Bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi ugrunda ýurdumyzda ylmy esasda giňişleýin alnyp barylýan işler «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda netijeli häsiýete eýe bolýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi ýurdumyzda häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryna esaslanýan bilim ulgamyny kemala getirmek babatynda durmuşa geçirilýän döwrebap işleriň barha giň gerim alýandygyna doly şaýatlyk edýär. Dünýäniň hemmetaraplaýyn ösüşine işjeň goşulmak, ykdysadyýeti yzygiderli we depginli ösdürmek üçin eziz Diýarymyzda bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, zehinli, ussat hünärmenleriň ýetişdirilmegi ýola goýulýar.

Bagtygül HOJAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.