Ylym bilen berkdir ýurduň binýady

13 Ýanwar 2021
1918

Akyldarlaryň biri: «Siwilizasiýanyň iň derwaýys wezipesi adama pikirlenmegi öwretmekdir» diýipdir. Pikir bolsa, mälim bolşy ýaly, ylmyň önümidir.

Biziň durmuşymyza tapgyr-tapgyr täzelikleri girizip gelýän ylym bu gün iň ýokary derejä ýetip, dünýäni bütinleý özgertdi. Indi ýaşaýşy biri-birinden kämil tehnikasyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Ylym, şeýle-de, döwre öz talaplaryny girizýär. Şol talaplara abraý bilen hötde gelinmegi ösen jemgyýeti kemala getirýär.

Amanmyrat KIÇIGULOW,
«Balkan».