Bagtly çagalygyň mekany

8 Ýanwar 2021
2120

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesli alada bilen gurşap almak, olaryň şadyýan ösüp-ulalmagyny, geljekde ylymly-bilimli, ilhalar adamlar bolup ýetişmegini gazanmak boýunça ägirt uly işler amala aşyrylýar. Bu ugurda maksatnamalaýyn çäreler, giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işiniň kämilleşdirilmegi bu özgertmeleriň möhüm bölegi bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň geçen ýylyň 22-nji maýynda gol çeken Karary esa-synda tassyklanan «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasyny» bu ugurda ýokary netijeleri gazanmaga giň ýol açýan möhüm resminamalaryň biri hökmünde görkezmek bolar.

Ajaýyp zamanamyzda durmuşymyzyň ähli ugurlary bilen bir hatarda, bilim ulgamy hem düýpli kämilleşdirilýär. Munuň özi mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem aýdyň beýanyny tapýar. Sanly bilim ulgamyna geçilmegi, okuw-terbiýeçilik işlerine kompýuter we multimediýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzda körpe nesle berilýän bilim-terbiýe dünýä ülňülerine laýyk ösdürilýär. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesillerimiz üçin edýän ýadawsyz aladalarynyň, döredip berýän şertleriniň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz: «Aň-bilim taýdan ösen, ruhy taýdan baý, beden taýdan sagdyn, eziz Watanymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da beýgeltjek nesiller üçin beýik geljegi gurýarys» diýip nygtaýar we çagalaryň terbiýelenişi, okaýşy, dynç alşy bilen hemişe içgin gyzyklanyp durýar.

Leýli ANNAÝEWA,
Balkanabat şäherindäki 50-nji «Garlawaç» çagalar bagynyň müdiri.