Ders bäsleşikleri geçirilýär

18 Dekabr 2024
179

Ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda ýylyň-ýylyna geçirilip gelinýän “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly ders bäsleşigine üstümizdäki okuw ýylynda hem aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň şeýledigine agzalan ders bäsleşiginiň mekdebara tapgyrlarynyň guramaçylyk derejesi hem anyk görkezýär. Mekdep bäsleşiklerine Kaka etrabynda jogapkärçilikli çemeleşilýär.

Türkmen dili we edebiýaty, rus dili, iňlis dili, himiýa, biologiýa, taryh, geografiýa, informatika we informasiýa tehnologiýalary, matematika, fizika ýaly dersler boýunça geçirilýän bäsleşikleriň ilkinji tapgyrlary etrabyň mekdeplerinde degişli düzgünnamanyň talaplaryna laýyklykda geçdi. Hormatly Prezidentimiziň mekdep okuwçylarynyň tebigy zehinlerini ýüze çykarmakda, ösdürmekde bilim işgärleriniň öňünde goýan wezipelerini durmuşa geçirmekde, okuw derslerini çuňňur özleşdirmekde aýratyn ukyp-başarnyklaryny görkezen mekdep okuwçylaryny höweslendirmekde hem-de halkara bäsleşiklerine taýýarlamakda nobatdaky bäsleşikleriň ähmiýeti uludyr. Synplar we dersler boýunça aýratynlykda geçirilýän bäsleşigiň mekdep tapgyrlarynyň ýeňijileri etrap bäsleşigine gatnaşarlar.

Käkilik BEGIÝEWA,
Kaka etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň iňlis dili mugallymy, Kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzasy.