Nesil terbiýesi mukaddesdir

17 Dekabr 2024
245

Çaga durmuşyň güli, olaryň edep-terbiýesi bolsa jemgyýetimiziň geljeginiň röwşen kepilidir. Halkymyzda «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» diýen pähim bar. Maşgaladan gözbaş alýan nesil terbiýesi çagalar edaralarynda, orta mekdeplerde berilýän bilim-terbiýe bilen sazlaşýar. Ýaş nesliň Watanymyza gerekli adam bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilendir. Terbiýeli, edepli perzentler diňe bir maşgalasynyň, dogan-garyndaşlarynyň däl, eýsem, milletiň buýsanjyna hem guwanjyna öwrülýär. Ata-ene mydama çagasynyň baş terbiýeçisi, mugallymydyr. Çaga terbiýesinde maşgala agzybirligi uly güýçdür. Edep-ekramly, abraýly maşgalada önüp-ösen, gowy görüm-görelde alan çaganyň özüni alyp barşy üýtgeşikdir. Hut şonuň üçin-de, çagalar baradaky alada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Watanymyzyň röwşen geljegi bolan ýaş nesilleriň bolelin, eşretli durmuşda ýaşamagyny gazanmak, olaryň döwrebap şertlerde bilim almagyny, sagdyn bedenli, belent ruhly bolup ýetişmegini üpjün etmek baş maksadymyzdyr.

Magtymguly Pyragynyň: «Ömür saly artar alkyş alanyň» diýşi ýaly, ata-eneleriniň ak alkyşyny alan ýaş nesiller durmuş ýoluna rowana bolýarlar. Ynsanyň dowamaty bolan nesilleriň terbiýesi barada ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň nähili alada edendigi gadymy edebi çeşmelerde hem beýan edilýär. Ynsana mahsus bolan pespällik, rehimdarlyk, akyl-parasatlylyk, ýüregi arassalyk nesilden-nesle geçip, baýlaşdyrylyp, şu güne ýetip gelipdir. Çagalarda zähmetsöýerligi, arassaçylyk endiklerini, ynamy, edep-ekramlylygy terbiýeläp bilseň, onda olar ilhalar ynsanlar bolup ýetişer.

Çynar PATYŞAGULYÝEWA,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň direktorynyň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary.