Sanly bilim ulgamy

15 Dekabr 2024
229

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylym-bilimiň ösüşi ýokary derejä eýe bolýar, ýaşlaryň bilim öwrenmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Häzirki wagtda sanly bilim ulgamyna aýratyn üns berilýär, bu babatda uly özgertmeler amala aşyrylýar. Şeýle beýik özgertmelere gönükdirilen «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» möhüm ähmiýete eýedir. Munuň özi bilim ulgamyny kämilleşdirmek bilen bir hatarda okatmagyň täze usullarynyň ýola goýulmagyna uly ýardam edýär.

Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň maksadyny, wezipelerini we esasy ugurlaryny kämil bilmek we durmuşa ornaşdyrmak her bir mugallymyň, bilim işgärleriniň jana-jan borjy bolup durýar. Şunda bilim bermegiň ähli basgançaklary ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün edilýär. Sanly serişdelerden giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmuny baýlaşdyrylýar hem-de bilim öwretmegiň hili ýokarlandyrylýar.

Sähragül BAÝRAMOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.