Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Şonuň netijesinde ähli bilim edaralarynda, şol sanda umumybilim berýän orta mekdeplerde hem ýaş nesle berilýän bilimiň mazmuny we hili yzygiderli kämilleşýär. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän şertleriniň netijesinde, bilim edaralarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalardan peýdalanylmagy, ylmyň soňky gazananlarynyň hem-de okatmagyň innowasion usullarynyň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy bilimiň hiliniň ýokary derejesini üpjün edýär. Ýurdumyzda bu möhüm ulgamyň işini düýpli kämilleşdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda, sanly bilimi ornaşdyrmakda, dürli ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamakda oňyn özgertmeler amala aşyrylýar.
Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilim ösdürilýär, ýaşlaryň bilimli, kämil hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda durmuşa geçirilen beýik işleriň her biri halkymyzyň eşretli şu gününi, röwşen geljegini üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ähli ulgamlarda uly-uly üstünlikler gazanyldy, ýurdumyz guwandyryjy ösüşlere beslendi. Şeýle beýik ösüşleri, belent üstünlikleri bilim ulgamynda hem aýdyň görmek bolýar. Milli bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän döwrebap özgertmeleriň netijesinde ýaşlarymyz döwlet hem halkara derejede geçirilýän ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Munuň özi milli bilim ulgamymyzyň döwrebap ösdürilýändigini, halkara derejede oňat netije berýändigini aýdyň beýan edýär. Bularyň hemmesi ýüreklerde buýsanç döredýär, bagtyýar ýaşlarymyza beýik ynamymyzy berkidýär.