Synmaz ynamyň, egsilmez hyjuwyň eýeleri

4 Dekabr 2024
218

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmen ýaşlarynyň jemgyýetiň işjeň agzalary hökmündäki hukuk-mertebesini Arşa göteren beýik döwür boldy. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýaş nesil hakdaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda öňe sürülýär we türkmen ýaşlarynyň hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri, ösen dünýä ylmynyň ähli ugurlaryndan baş çykarmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Türkmen ýaşlary hem özleri barada edilýän bu tutumly aladalardan ýerlikli peýdalanyp, jemgyýetçilik durmuşymyzyň öň hatarlarynda bolmaga çalyşýarlar. Bu barada Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen ýaşlaryna bagyşlan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda juda parasatlylyk bilen belläp geçýär.

Aýjeren ÇARYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.