Taryhçy bolasym gelýär (Kim bolasyň gelýär?)

2 Dekabr 2024
224

Adam öz gyzyklanmasyny geljekki hünäri bilen utgaşdyrsa, onuň üstünlik gazanjakdygy ikuçsuz. Şonuň üçin bolsa gerek, kiçiligimden bäri taryh dersini aýratyn gowy görýärin. Bu ylmyň baş wezipeleriniň biri hem adamzat jemgyýetiniň döreýşini we ösüşini öwrenmek bolup durýar.

Täze taryhy döwrümizde her bir ýylymyz buýsançly wakalara beslenýär. Geçen okuw ýylynda taryh dersinden «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň welaýat tapgyrynda 1-nji orna, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň guramagynda ýurdumyzyň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirilen «Watanyň daýanjy — bilimli ýaşlar, Arkadagly Gahryman Serdaryň guwanjy ýaşlar!» atly olimpiadada bolsa 3-nji orna mynasyp bolmagym indiki gazanjak ýeňişlerimiň badalgasy boldy.

Kürmämmet NOBATOW,
Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki 17-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy.