Kämilligiň ýolunda

4 Ýanwar 2021
2140

Türkmenabadyň Çagalar çeperçilik mekdebinde ýaşlaryň zehinlerini ýüze çykarmaga we ösdürmäge ýardam edilýär. Häzirki wagtda mekdepde çagalaryň iki ýüz otuza golaýy surat çekmegiň, haly dokamagyň, heýkel, küýze ýasamagyň usullaryny içgin öwrenýär. Okuwçylaryň günsaýyn kämilleşmekleri, höwesleriniň artmagy üçin bu ýerde tejribeli mugallymlar netijeli iş alyp barýarlar.

― Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygy bilen ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly-bilimli bolmaklary, giň dünýägaraýyşly hem-de döwrebap terbiýelenmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Ýaşlaryň kiçilikden zähmete höwesli, saýlan hünärlerinde ussat hem-de işbaşarjaň bolmaklary üçin welaýatlaryň ählisinde, şol sanda paýtagtymyzda Çagalar çeperçilik hem-de sungat mekdepleri açylyp, ulanylmaga berildi. Olarda çagalaryň bilim, terbiýe almaklary, hünär öwrenmekleri üçin zerur bolan ähli mümkinçilikler bar. Biz hem okuwçylaryň saýlan ugurlarynda barha kämilleşmeklerini gazanmak maksady bilen halypa suratkeşler, nakgaşlar bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýarys. Geçirilýän bäsleşiklerde okuwçylarymyzyň gazanýan üstünlikleri bolsa bizi diýseň begendirýär we has yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar ― diýip, mekdebiň müdiri Rüstem Bazarow guwanç bilen gürrüň berýär.

Bahar JUMANAZAROWA,
ýörite habarçymyz.