Üstünlik ussatlyga bagly

19 Noýabr 2024
383

Häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda uly işler durmuşa ornaşdyrylýar. Bilimler dünýäsine aralaşan ynsanyň aň taýdan kämilleşmegine, alyp barýan işiniň has-da netijeli bolmagyna okan kitaplary, alan bilimleri ýardam edýär. Ýurdumyzyň mekdeplerinde bilim alýan okuwçylaryň gazanýan üstünlikleri bu ugurda kabul edilýän resminamalaryň durmuşa ornaşdyrylyşynyň netijeliligini aýdyň görkezýär.

«Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde häzirki zaman mugallymyna bildirilýän talaplar, düýpli çözgütleri amala aşyrmak wezipeleri öňde goýulýar. Biziň ýurdumyzda ösüp barýan ýaş nesilleri terbiýelemek döwlet ähmiýetli uly işdir. Olar mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynda we mekdeplerde, mekdepden daşary edaralarda, ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak bilen terbiýelenýär.

Gunça ORAZOWA,
Gyzylarbat etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň mugallymy.