Balkan welaýatynyň pagtaçylarynyň zähmet ýeňşi

11 Noýabr 2024
282

Uly zähmet üstünlikleri bilen şöhratlanýan “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda Hasyl toýunyň giňden bellenilýän günlerinde Balkan welaýatynyň babadaýhanlary pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamasyny ýurdumyzda ilkinji bolup ýerine ýetirdiler. Olar 16 müň tonnadan gowrak «ak altyny» Watan harmanyna tabşyrdylar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň oba hojalyk pudagyny özgertmek boýunça başlangyçlarynyň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen amala aşyrylýan özgertmeleriň çäklerinde pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, önümçilige oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýän innowasion usullar giňden ornaşdyrylýar. Balkan welaýatynyň edermen pagtaçylarynyň zähmet ýeňşi ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ösdürmek, daýhanlaryň netijeli we öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin amatly şertleri döretmek boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreleriň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky güwäsidir. Diýarymyzyň günbatar sebitiniň edermen pagtaçylarynyň bu zähmet ýeňşi türkmen topragynyň sahawatyny, daýhanlaryň halal zähmete bolan söýgüsini alamatlandyrýan Hasyl toýuna mynasyp sowgat boldy.

(TDH)