Ylym-bilim bagtyýarlygyň çeşmesidir

20 Oktýabr 2024
444

Ylym-bilimiň ösüşi ýaşlaryň kämilligi, giň dünýägaraýşy, röwşen geljegimiz bilen berk baglanyşyklydyr. Şonuň üçin hem ýurdumyzda bilim özgertmelerine, sanly ulgamyň ösüşine uly üns berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän işler halkymyzyň bähbidini nazarlaýar, ýaşlaryň röwşen geljegini üpjün edýär. Häzirki döwürde ylmyň dürli ugurlary ösdürilýär we ýaş nesillere öwredilýär.

Bilim özgertmeleriniň esasy ugry ylmyň iň täze gazananlaryny, sanly tehnologiýanyň mümkinçiliklerini durmuşa ornaşdyrmak, has takygy, sanly bilimi has-da ösdürmek bilen baglanyşyklydyr. Şunda okatmagyň döwrebap usullary, multimedia tehnologiýalar bilen bilim öwretmek ýaly ugurlar örän ähmiýetlidir. Ýurdumyzda ylmyň soňky gazananlary okuw işine ornaşdyrylyp, häzirki döwrüň talaplaryny üstünlikli berjaý etmäge ukyply bolan ýaş hünärmenleri taýýarlamaga möhüm ähmiýet berilýär. Kämil ýaşlary taýýarlamakda orta mekdeplerde berilýän bilim milli terbiýe bilen utgaşdyrylýar. Ýaşlaryň bilim öwrenmek ukyby, ylma bolan höwesi ir döwürden kemala getirilmelidir. Şunda orta mekdebiň mugallymlaryna uly wezipe degişli bolup durýar. Sapaklarda okuwçynyň ünsüni çekmek, geçilýän temanyň mazmunyny düşündirmek, sapagy guramaçylykly geçmek kämilligiň binýadydyr. Bularyň ählisi okuwçynyň aňynda bilim öwrenmek we kämilleşmek düşünjesini kemala getirýär.

Ogulşeker GAÝYPOWA,
Aşgabat şäherindäki 17-nji orta mekdebiň müdiri.