Türkmenistanyň raýatlarynyň bilim babatda hukuklarynyň döwlet kepillikleri

17 Oktýabr 2024
417

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda her bir adamyň bilimli, giň dünýä-garaýyşly hem-de häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan baş alyp çykmagy başarýan zamanabap şahslar bolmagy ugrunda döwlet derejesinde uly göwrümli işler durmuşa geçirilýär. Jemgyýetiň ruhy, durmuş, ykdysady we medeni ösüşiniň esasy hökmünde bilimi kämilleşdirmek Diýarymyzy  ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Esasy Kanunymyzda her bir adamyň bilim almaga hukugynyň bardygy bellenilýär. Şunlukda ýurdumyzda umumy bilim hökmanydyr, her bir adam bolsa, ony döwlet bilim edaralarynda tölegsiz almaga haklydyr. Türkmenistanda ähli bilim edaralary bellenilen bilim standartlaryna laýyklykda öz işlerini alyp barýarlar.

Aýtaç ATAÝEWA,
Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýeti, kazynyň kömekçisi.