Çagany — ýaşdan, edebi — başdan

16 Oktýabr 2024
403

Aýlar aýlanyp, ýyllar kerwen gurap geçse-de, beýik taryh beýikligine, müdimi ýörelgeler mizemezligine galýar. Halkymyzyň arasynda dilden-dile geçip gelýän «Döwletli ogul — ojagyň gory», «Edep bergidir, bermedige görgüdir», «Gyzym öýde, gylygy daşarda» diýlen nakyllarymyz hem nesil terbiýesi bilen bagly asylly ýörelgelerimiziň dowamat-dowamdygyna güwä geçýär. Çaga terbiýesiniň inçe syrlary maşgala durmuşy bilen aýrylmaz bagly bolup durýar. Çünki perzent ilkinji görüm-göreldäni maşgalada ata-enesinden, özünden ululardan alýar.

Maşgala çaganyň dünýä inen gününden onuň ilkinji we ömürlik daýanjy, terbiýe mekdebidir. Bu barada parasatly pederlerimiz nesil terbiýesiniň ata-enäniň çagalaryna siňdirýän yhlasynyň miwesidigini nygtaýarlar. Şunda türkmen maşgalasynyň her bir agzasynyň aýratyn orny kesgitlenilip, ýaşuly we ýaşkiçi edebi, ula sylag, kiçä hormat goýmak ýaly edep kadalarynyň inçe ýollarynyň ýazylmadyk ahlak zerurlyklara öwrülendigini bellemek gerek. Çaga terbiýesinde ilki göze ilýän häsiýetleriň biriniň ýaşkiçiniň ýaşula goýýan sarpasy bolup durýandygyny halkymyzyň «Edebiň ýagşysy — salam bereni, ýakynlyk ýagşysy — baryp-geleni» diýen nakyly hem tassyklaýar.

Gunça RAHYMOWA,
Saýat etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýat mugallymy.