Hormatly okyjylar! «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň adyny hormat bilen göterýän edaradyr kärhanalar barada taýýarlap, size ýetirýän ýörite sahypamyzyň bu gezekki sanyny Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden taýýarladyk.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ylym we bilim ulgamynyň kuwwatyny ýokarlandyrmak babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary bilen tassyklanan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda okuw meýilnamalary we maksatnamalary yzygiderli kämilleşdirilýär. Uniwersitetde web tehnologiýalary arkaly Moodle bilim portaly, talyplaryň bilimlerini barlamak üçin elektron teswirleýji programma üpjünçilikleri hem-de sapaklaryň elektron tekst we wideo ýazgylaryny dolandyrmakda maglumat gorlary döredildi. Bu bolsa okuw işini awtomatlaşdyrmak, innowasion sanly serişdeler arkaly hünär derejesini kämilleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Ýokary tizlikli internetiň we lokal toruň birikdirilmegi netijesinde, uniwersitetde sanly bilim ulgamy giňden ornaşdyrylýar hem-de uzak aralykdan sapaklar, wideo şekilli maslahatlar yzygiderli guralýar.