Okuw maslahaty geçirildi

15 Awgust 2024
762

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipelere laýyklykda, paýtagtymyzda 12—16-njy awgust aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda ABŞ-nyň «Iňlis dili hünärmeni» atly maksatnamasynyň çäginde bilim işgärleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirilýär. Bu maksatnama ýurdumyzda iňlis dilini özleşdirmekde, kämil dil öwrediş serişdelerini artdyrmak bilen baglanyşykly dürli çäreleri geçirýär. Internet ulgamy arkaly alnyp barylýan maksatnama hünär kämilleşdiriş mümkinçiliklerinden ybarat bolup, iňlis dili mugallymlary we bilim işgärleri üçin niýetlenendir. Ady agzalan maksatnama sekiz hepde okuw möhletinden ybarat bolup, iňlis dilini öwretmegiň esasy ugurlaryny öz içine alýar.

Geçirilen okuw maslahatynda ABŞ-nyň Teýlor uniwersitetiniň professory hanym Nensi Aklesiň çykyşy täsirli boldy. Ol iňlis dilini okatmagyň usulyýetinde özüniň toplan tejribesini türkmenistanly kärdeşleri bilen paýlaşdy.

Meretguly GURBANOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy.