12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken degişli resminamalaryna laýyklykda, şu ýyl ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek möwsümi 15-nji iýuldan 26-njy awgusta çenli dowam eder. Häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat, Arkadag şäherlerinde okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek işleri alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyz Hökümet mejlisinde ýokary okuw mekdeplerine zehinli, mynasyp ýaşlary kabul etmegi, giriş synaglaryny guramaçylykly we adalatly geçirip, jemgyýetçilik gözegçiligini ýola goýmagy öňde durýan esasy wezipeleriň hatarynda kesgitledi.
Gazetimiziň şu sanynda okuwa kabul etmek möwsümini ýokary guramaçylykly geçirmek babatda alnyp barylýan işler hem-de täze okuw ýylynda boljak üýtgeşmeler barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan berlen käbir maglumatlary okyjylaryň dykgatyna ýetirmegi makul bildik.