IV Açyk halkara matematika olimpiada öz işine başlady

5 Mart 2024
993

Düýn, 4-nji martda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän IV Açyk halkara matematika olimpiadasynyň açylyş dabarasy boldy.

IV açyk halkara matematika olimpiadasynyň ýurdumyzda indi ikinji gezek geçirilýändigini bellemek gerek. Olimpiada gatnaşmak üçin ýurdumyza 7 döwletiň ýokary okuw mekdeplerindne dürli ugurlar boýunça okaýan talyplar paýtagtymyza geldiler. Munuň özi Türkmenistan döwletimiziň daşary ýurtlaryň ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygynyň has-da berkeýändigini alamatlandyrýar.

«Diýar»