"Türkmen dünýäsi" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-45, 38-60-40, 38-60-44
Email: turkmendunyasi@sanly.tm

Habarlar

Üçe çenli — aýny wagty!

MASARU IBUKA (Irki terbiýe bilen bagly 76 maslahat) EGER ÇAGANYŇ GÖZÜNIŇ ÖŇÜNDE ENÄNIŇ ABRAÝY BOLMASA, OL ÖZÜNDEN ÖZGÄ GADYR GOÝMAÝAN GARASÖÝMEZ BOLUP ÝETIŞER

Saýlawlar bäsdeşlik, aýanlyk, açyklyk ýagdaýynda geçdi

9-njy iýulda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisinde Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine 7-nji iýulda geçirilen saýlawlaryň ahyrky netijeleri jemlenildi. Çärä merkezi saýlaw toparynyň agzalary, onuň ýanynda döredilen iş toparlarynyň wekilleri, milli synçylar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. Mejlisiň dowamynda nygtalyşy ýaly, saýlawlar bäsdeşlik, aýanlyk, açyklyk ýörelgeleri esasynda geçdi we Türkmenistanyň saýlap alan demokratik ýoluna hem-de Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmelere ygrarlydygynyň nobatdaky güwäsi boldy. Şeýle hem saýlawçylaryň ýokary işjeňlik görkezendigi bellenildi. Hususan-da, Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna üç saýlaw okrugynyň çäginde ýaşaýan 79 müň 121 adam gatnaşdy. Bu bolsa bellige alnan saýlawçylaryň umumy sanynyň 91,32 göterimine deňdir.

Ýigrimimiň pikirleri

■ Men saňa duşanymda bir tokga polatdym. Meni mähriň bilen eretdiň-de, galyba saldyň. Men gylyç boldum. Öz ýasan zadyňy geň görüp, eliňe aldyň. Ilki bilen kesen zadym seniň eliň boldy. Bagyşla meni! ■ Maňa: «Egoist» diýmäň! Özüňi söýmegem bir sungat.

Üýtgeşik zehinli talybyma (Oýlanma)

Salam, Saýathan! Gowumy ýagdaýlaryň, Hudaýberen gyzy?

Çagalar şadyýan dynç alyşda

Tomus paslynyň şu ajaýyp günlerinde Gökderedäki «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» atly çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde dynç alyşda bolýan mekdep okuwçylarynyň ençemesi wagtlaryny şadyýan geçirýärler. Olaryň saglyklaryny berkidip, täze okuw ýylyna uly güýç bilen başlamaklary üçin döredilýän şertler çagalarda ýakymly ýatlamalary galdyrýar. Ýurdumyzda hereket edýän jemgyýetçilik guramalarynyň hünärmenleri bu ýerde ýygy-ýygydan bolup, çagalaryň gowy dynç almagyna, peýdaly işler bilen meşgullanmagyna ýakyndan ýardam berýärler. Golaýda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň işjeň agzalary paýtagtymyzyň medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasynyň wekilleri bilen bu merkezde bolup, milli oýunlarymyz boýunça dürli bäsleşikleri geçirdiler. Çagalaryň dürli kitaplary okamagy guralyp, gürrüň bermek ukyby boýunça, gyzjagazlaryň arasynda el işlerini etmekde, alaja işmekde, örmekde başarnyklaryny synap görmek, surat çekmek bäsleşigi guraldy. Bäsleşigiň dowamynda küşt, düzzüm, tanap çekmek, ýaglyga towusmak, matanyň ýüzüne milli nagyşlarymyzy salmak, örmek, işmek, okan eserini gürrüň bermek boýunça çagalar özara bäsleşdiler. Has başarjaň, ukyply çagalar öňe saýlanyp, olar ýadygärlik sowgatlaryna mynasyp boldular.

Wagyz-nesihat maslahaty

TKA-nyň welaýat birleşmesiniň welaýat prokuraturasy we adalat bölümi bilen bilelikde guramagynda jemgyýetimizde hukuk tertibini üpjün etmek, kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen, «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýdyň ýoly bilen» atly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. TKA-nyň welaýat birleşmesinde geçirilen maslahatyň dowamynda edilen çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli kanunçylyk ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi barada aýratyn bellenildi. Çykyş edenler ýurdumyzda raýatlaryň hukuklaryny goramak, raýat jemgyýetini berkarar etmek babatynda hukuk goraýjy edaralar tarapyndan alnyp barylýan işler barada gürrüň etdiler.  Şunda  raýat hukuk gatnaşyklarynyň uly orna eýedigini bellediler. Şeýle hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi babatda alnyp barylýan işleriň bagtyýar ildeşlerimizde çäksiz hoşallyk duýgusyny döredýändigi bellenildi.

Täsirli geçen çäre

Etrek etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň at gazanan bagşysy, «Watana bolan söýgüsi üçin», «Magtymguly Pyragy» medallarynyň eýesi, şahyr Ahmetberdi Mededowyň «Yşk dünýäsiniň gujagynda» diýen täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa etrap häkimliginiň, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Çärede çykyş edenler şahyry täze kitabynyň neşir edilmegi bilen gutlap,  galamynyň ýiti, kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler.

Täsirli geçen duşuşyk

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sarahs etrap Geňeşiniň hem-de etrap merkezi kitaphanasynyň bilelikde guramagynda agzalan kitaphanada ýaş okyjylaryň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna bagyşlanan duşuşykda ýurdumyzda ýaş nesliň döwrebap bilimli, hünärli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn ruhly, berk bedenli bolup kemala gelmegi ugrunda edilýän tagallalar dogrusynda söhbet açyldy. Häzirki günlerde mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýändigi, bagtyýar çagalaryň şadyýan dynç almagy, saglygyny berkitmegi babatynda ýurdumyzda ähli şertleriň we mümkinçilikleriň döredilendigi barada aýtmak bilen, duşuşykda çykyş edenler ýaşlaryň kitaphana ýygy-ýygyndan gelmeginiň hem guwandyryjy ýagdaýdygyny bellediler. Kitaphana işgärleri ýaşlara kitaphananyň işi, kitap gory we dörebap hyzmatlar hakda gyzykly gürrüň berdiler.

Şadyýanlygyň mekany

Kaka etrabynyň Hywaabat jülgesinde ýerleşýän «Ýaşyl ýaýla» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde tomsuň häzirki gyzykly günlerinde welaýatymyzyň dürli ýerinden gelen mekdep okuwçylarynyň uly topary dynç alyş günlerini ruhubelentlikde geçirýär. Munuň üçin merkezde giň şertler bar. Merkezde jemgyýetçilik guramalary tarapyndan hem täsirli bäsleşikler, aýdym-sazly dabaralar, sport ýaryşlary we beýleki baý many-mazmunly çäreler geçirilýär. Ol ýerde zähmet çekýän terbiýeçi mugallymlar bolsa, her bir çäräniň netijeli we ýatda galyjy bolmagy ugrunda tagalla edýärler.

Okuw maslahatlar — işjeňlige eýe

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň iş meýilnamalarynyň çäginde şu günler etraplaryň edara-kärhanalarynyň, guramalarynyň, daýhan birleşikleridir daýhan hojalyklarynyň işçi-hünärmenleriniň arasynda okuw maslahatlar geçirilýär. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat we Tejen etrap birleşmeleriniň guramagynda biziň etrabymyzda hem Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynyň kadalaryny, zähmeti goramak we sagdyn howpsuz iş şertlerini döretmek bilen bagly kanunçylyk namalaryny düşündirmek maksady bilen okuw maslahatlary geçirilýär. Okuw maslahatlary işleri döwrüň talaplaryna laýyklykda alyp barmak babatda we özara tejribe alyşmakda ähmiýetli bolup durýar. Onuň barşynda zähmeti goramak boýunça kadalaryň, düzgünleriň berjaý edilişi, zähmeti goramagyň degişli talaplara laýyk gelýän guramaçylyk-tehniki, sanitariýa-arassaçylyk, bejeriş-öňüni alyş, dikeldiş we howpsuz zähmet şertleriniň üpjün edilişi, degişli gollanmalaryň dogry ýöredilişi barada aýratyn gürrüň edilýär.

“Ýaşyl ýaýladaky” sport ýaryşy

Kaka etrabynyň Hywaabat jülgesindäki “Ýaşyl ýaýla” çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde “Biz sagdyn nesiller” ady bilen kiçi futbol boýunça ýaryş geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi tarapyndan bilelikde guralan ýaryşa gatnaşmaga höwes bildiren çagalar köp boldy. Ýaryşyň açylyş dabarasynda bagtyýar ýaşlara sport bilen yzygiderli meşgullanmak we sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek boýunça gymmatly ündewler aýdyldy hem-de üstünlik arzuw edildi. Bu bolsa çagalara ýeňiş gazanmaga hyjuw berdi.

3 duşuşykda ýeňiş gazanan topar esasy wagtda belli bolmady

Ko­pa Ame­ri­ka­da çär­ýek fi­nal­da Ar­gen­ti­na bi­len Ek­wa­do­ryň ýy­gyn­dy­sy du­şuş­dy. Oý­nuň 35-nji minutynda ar­gen­ti­na­ly go­rag­çy Li­sand­ro Mar­ti­nes ta­pa­wut­lan­dy. Ek­wa­dor­ly­lar bu go­la oý­nuň soň­ky mi­nut­la­ryn­da, has ta­ky­gy, 90+2-nji mi­nut­da Ho­se Rod­ri­ge­siň go­ly bi­len jo­gap ber­di. Ne­ti­je­de, oý­nuň esa­sy wag­ty 1-1 ha­sa­byn­da deň­lik­de ta­mam­lan­dy. Oýun­dan soň goş­ma­ça wagt be­ril­mez­den (di­ňe fi­nal oý­nun­da ber­ler) gö­nü­mel pe­nal­ti ur­gu­la­ry­na ge­çil­di. Pe­nal­ti ur­gu­la­ryn­da-da ar­gen­tin­le­riň il­kin­ji ur­gu­sy­ny uran su­per ýyl­dyz Lio­nel Mes­si­niň to­py sü­tün­den yzy­na gaýt­dy. Ýö­ne soň­lu­gy bi­len Ar­gen­ti­na­dan Al­wa­re­siň, Ma­kAl­lis­te­riň, Mon­tie­liň hem-de Ota­men­di­niň ur­gu­la­ry dürs bo­lup, Ek­wa­dor­da­nam 1-2-nji ur­gu­la­ry uran Me­na bi­len Min­da­nyň pe­nal­ti­le­ri­ni-de ar­gen­ti­na­ly der­we­ze­çi, pe­nal­ti sak­la­mak­da ök­de ha­sap­lan­ýan Emi­lia­no Mar­ti­nes sow­ma­gyň höt­de­sin­den gel­di. Ek­wa­dor­dan Ýe­boa­nyň hem-de Hor­di Kai­se­do­nyň ur­gu­la­ry dürs bol­sa-da, bu ola­ra ýe­ter­lik bol­ma­dy. Pe­nal­ti­ler­de 4-2 öňe saý­la­nan Ar­gen­ti­na­nyň ýy­gyn­dy­sy ýa­rym fi­na­la çyk­ma­gy ba­şar­dy. Bu du­şu­şyk­dan soň Ek­wa­do­ryň tä­lim­çi­si Fe­liks San­çe­siň şert­na­ma­sy ýa­ty­ryl­dy. Is­pa­ni­ýa­ly hü­när­men 2023-nji ýyl­da 4 ýyl­lyk şert­na­ma bag­la­şyp­dy

Ar­gen­ti­na 30-njy, Ko­lum­bi­ýa 3-nji ge­zek fi­nal­da

Ýew­ro­pa çem­pio­na­tyn­dan soň ABŞ-da do­wam ed­ýän 48-nji Ko­pa Ame­ri­ka­da hem fi­nal­çylar bel­li bol­dy. Ýa­rym fi­nal­da Ar­gen­ti­na bi­len Ka­na­da­nyň ýy­gyn­dy­la­ry du­şuş­dy. To­par­ça­da hem du­şu­şan to­par­la­ryň bu du­şu­şy­gyn­da-da şol oýun­da­ky ne­ti­je ha­sa­ba alyn­dy. Ar­gen­ti­na­nyň ýy­gyn­dy­sy Hu­li­an Al­wa­re­siň 22-nji, Lio­nel Mes­si­niň 51-nji mi­nut­lar­da ge­çi­ren gol­la­ry esa­syn­da Kanadany 2–0 ha­sa­byn­da ýe­ňip, Ko­pa Ame­ri­ka­da bas­syr 2-nji, soň­ky 8 ýa­ryş­da 6-njy, umu­my­lyk­da-da 30-njy ge­zek fi­na­la çyk­dy. Messiniň

Bas­ket­bol hal­ka­sy nä­me üçin 3 metr be­ýik­lik­de?

Bas­ket­bol dün­ýä­de mil­li­on­lar­ça ada­myň ha­la­ýan sport gör­nü­şi­dir. Dün­ýä­de sport zal­la­ryn­dan baş­lap, se­ýil­gäh­ler­de we ýol­la­ryň ug­run­da bas­ket­bol hal­ka­jyk­la­ryna duş gel­mek bol­ýar. Kä­bir bas­ket­bol li­ga­la­ryn­da ki­çi ýaş­ly­la­ra ni­ýet­le­nen oýun­lar­da bas­ket­bol hal­ka­sy pes­räk­de otur­dy­lyp bil­ner. Ýö­ne or­ta sport mek­dep­le­rin­den baş­lap, pro­fes­sio­nal li­ga­la­ra çen­li ýa­ryş­lar­da, ada­ty oýun­lar­da hal­ka­lar şol bir be­ýik­lik­de ber­ki­dil­ýär. Eý­sem, siz bas­ket­bol hal­ka­sy­nyň nä­me üçin 3 metr be­ýik­lik­de go­ýul­ýan­dy­gy ba­ra­da pi­kir­le­nip gör­dü­ňiz­mi? 1891-nji ýy­lyň de­kab­r aýyn­da Mas­sa­çu­sets şta­ty­nyň okuw mek­dep­le­ri­niň bi­rin­de ýa­pyk bi­na­da top oý­na­ma­ly bo­lan­da ka­na­da-ame­ri­kan mu­gal­ly­my Jeýms Neýs­mit to­py ör­me açyk se­bet­den ge­çir­me­gi tek­lip ed­ýär. Şeý­le­lik bi­len bas­ket­bol oý­ny dö­re­ýär. Bas­ket­bol iň­lis di­lin­dä­ki «bas­ket» – se­bet we «ball» – top di­ýen söz­le­rden eme­le ge­lipdir. Bas­ket­bol oý­nun­da il­ki­baş­da her to­par­da 9 oýun­çy bo­lup, oýun­çy­lar ýer­le­rin­de but­na­man dur­ma­ly eken. Top el­den ele ge­çip se­be­de ok­la­nyp­dyr. Ör­me se­bet­ler soň­lu­gy bi­len aşa­gy tor­ly de­mir hal­ka bi­len çal­şy­ryl­ýar. Em­ma il­ki­baş­da 3 metr be­ýik­li­ge ber­ki­di­len hal­ka­la­ryň or­ny üýt­ge­dil­me­ýär.

Ýitip gitmek how­py aban­ýan jan­dar­lar

Te­bi­ga­ty we te­bi­gy baý­lyk­la­ry go­ra­mak bi­le­le­şi­gi (IUCN) jan­ly-jan­dar­la­ryň 4 müň gör­nü­şi­niň howp as­tyn­da­dy­gy­ny bel­le­ýär. Baş­ga­ça aý­dy­lan­da, te­bi­gy şert­le­riň üýt­ge­dil­me­gi, kli­ma­tyň üýt­ge­me­gi we se­na­ga­tyň ös­me­gi jan­ly-jan­dar­la­ryň bir­nä­çe gör­nü­şi­niň ýi­tip git­mek how­pu­na se­bäp bol­ýar. Ilatyň çalt kö­pel­me­gi we ýa­şa­ýyş ýer­le­ri­niň gi­ňe­me­gi hem ýa­ba­ny haý­wan­la­ryň öý­le­ri­ni taş­lap git­me­gi­ne se­bäp bol­ýar. Ge­liň, Ýer ýü­zün­den ýi­tip git­mek how­py aban­ýan kä­bir jan­dar­lar bi­len ta­nyş bo­la­lyň! Ta­pa­nu­li oran­gu­tan. Adam­sy­pat maý­myn­la­ryň to­pa­ry­na de­giş­li bo­lan ta­pa­nu­li oran­gu­tan 2017-nji ýyl­da ýi­tip git­mek how­py aban­ýan jan­dar hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. Dün­ýä­niň di­ňe bir ýe­rin­de – In­do­ne­zi­ýa­nyň Su­mat­ra ada­syn­da­ky tro­pik to­kaý­lar­da duş gel­ýän bu maý­myn­la­ryň sa­ny 800-den geç­me­ýär. Gy­zy­lym­tyl-go­ňur sü­tük­li bu maý­myn­lar mi­we, gur­çuk we agaç­la­ryň tä­ze bal­dak­la­ry bi­len iý­mit­len­ýär­ler.

Di­şi­mi­ze zy­ýan­ly iý­mit­ler

«Görk agyz­dan...» diý­li­şi ýa­ly, adam­zat jem­gy­ýe­ti ir­ki ýyl­lar­dan bä­ri aş­ha­na me­de­ni­ýe­ti­ne we iýip-iç­mek düz­gün­le­ri­ne uly üns ber­ýär. Haý­sy iý­mi­ti ha­çan we nä­çe­räk muk­dar­da iý­me­li, haý­sy iý­mit­den ga­ça dur­ma­ly? Iý­mit adam sag­ly­gy­na düýpli tä­sir ed­ýär. Şol san­da kä­bir iý­mit­ler iý­len­de be­den ag­za­la­ry­na ze­per ýe­ti­rip hem bil­ýär. Iý­mit çeý­ne­len­de esa­sy ag­ram di­şe düş­ýär. Gar­ran wag­tyň gad­ry­na ýe­til­ýän di­şi­mi­zi ça­ga­lyk­dan sag­dyn sak­la­ma­ga üns ber­me­li. Şeý­le hem di­şi­mi­ziň sa­ral­maz­ly­gy we çüý­re­mez­li­gi üçin kä­bir iý­mit­dir içim­lik­leri iýip-içmekden ga­ça dur­ma­ly. Sit­rus mi­we­le­ri. Na­rynç mi­we­le­riň dü­zü­min­de ýo­ka­ry de­re­je­de C wi­ta­mi­ni sak­lan­ýar. Li­mon, pyr­ty­kal, man­da­rin, greýpf­rut ýa­ly mi­we­ler yzy­gi­der­li iý­len­de di­şe ze­per ýe­ti­rip bil­ýär. Bi­ler­men­le­riň pi­ki­ri­çe, «kis­lo­ta­ly mi­we­leriň» şi­re­si wag­tyň geç­me­gi bi­len di­şiň çüý­re­me­gi­ne se­bäp bol­ýar. Şonuň üçin sit­rus mi­we­le­rini aşa köp iý­mek­den sak­lan­ma­ly.

Gras – hoş­boý ys­ly gül­le­riň şä­he­ri

Dün­ýä­de 10 müň tö­we­re­gi şä­her bo­lup, ta­ry­hy bi­na­la­ry, owa­dan te­bi­ga­ty we me­de­ni­ýe­ti bi­len bi­ri-bi­ri­ne meň­ze­me­ýän tä­sir­le­ri gal­dyr­ýar. Şä­her­le­riň kö­pü­si ön­dür­ýän önü­mi, mil­li gym­mat­lyk­la­ry ýa-da ta­gam­la­ry bi­len meş­hur­ly­ga eýe bo­lup, dün­ýä­de şol aý­ra­tyn­ly­gy bi­len ta­nal­ýar. Fran­si­ýa­nyň Gras şä­he­ri hem hoş­boý ys­ly gül­le­riň ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýän mer­ke­zi bo­lup, bu şä­her dün­ýä­de parf­ýu­me­ri­ýa se­riş­de­le­ri­niň ön­dü­ril­ýän mer­ke­zi hök­mün­de ta­nal­ýar. Parf­ýu­me­ri­ýa se­riş­de­le­ri­niň ady ag­za­lan­da, il­ki bi­len Fran­si­ýa göz öňü­ňe gel­ýär. Fran­si­ýa­da atyr önüm­çi­li­gi­niň «Fra­go­nard», «Ser­ge Lu­tens», «Gu­er­la­in», «Sha­li­mar», «Cha­nel», «Lomb­re dans» ýa­ly dün­ýä bel­li brend­le­ri ön­dü­ri­lip, dür­li ýer­le­re eks­port edil­ýär. Şeý­le hem Nýu-Ýork, Sin­ga­pur, To­kio, Lon­don we Du­baý ýa­ly sy­ýa­hat­çy­lyk ba­bat­da ösen şä­her­ler­de fran­suz atyr­la­ry­nyň dü­kan­la­ry hem bar. Ýur­duň atyr önüm­çi­li­gin­de Nan­tes, Gras, Mar­sel, Kab­ri­ýer-d’Awi­ni­on, Stras­burg ýa­ly şä­her­ler öň­de­li­gi eýe­läp, iň naý­ba­şy atyr­lar Gras şä­he­rin­dä­ki gül­ler­den alyn­ýar.

Kos­mos mis­si­ýa­la­ry me­ýil­leş­diril­ýär

Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy has uzak­da­ky kos­mo­sy öz­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len tä­ze mis­si­ýa­la­ry ama­la aşyr­mak­çy bol­ýar. Bu ba­ra­da Hy­ta­ýyň mil­li kos­mos do­lan­dy­ryş gul­lu­gy­nyň (CNSA) baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Býan Çži­gan met­bu­gat üçin mas­la­hat­da mä­lim et­di. Hytaý 2025-nji ýyl­da as­te­ro­id­le­ri öw­ren­mek maksady bilen «Týan­wen-2» mis­si­ýa­sy­ny, 2030-njy ýyl­da Mars­dan nus­ga­la­ry ýyg­nap, Ýe­re ge­tir­mek üçin «Týan­wen-3» missiýasyny we Ýu­pi­ter ul­ga­my­ny öw­ren­mek üçin «Týan­wen-4» mis­si­ýa­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­megi me­ýil­leş­di­r­ýär.

Aw­to­mat­laş­dy­ry­lan kon­we­ýer gur­mak­çy

Ýa­po­ni­ýa­nyň hö­kü­me­ti ýük da­şa­mak mak­sa­dy bi­len 500 ki­lo­met­re uza­ýan aw­to­mat­laş­dy­ry­lan kon­we­ýe­ri gur­ma­gyň me­ýil­na­ma­sy­na ga­ra­ýar. Göz öňün­de tu­tul­ýan lo­gis­ti­ka ug­ry ýur­duň esa­sy şä­her­le­ri­ni bir­leş­di­rer we her gün mil­li­on­lar­ça ton­na ýük da­şa­ma­ga ýar­dam be­rer. «Mons­ter» at­ly iri tas­la­ma Ýa­po­ni­ýa­nyň ýer, inf­rast­ruk­tu­ra, ulag we sy­ýa­hat­çy­lyk mi­nistr­li­gi­niň bi­ler­men­ler to­pa­ry ta­ra­pyn­dan iş­le­nip dü­zül­di. Hö­kü­met el­tip ber­mek pu­da­gyn­da iş­çi güý­jü­niň ýet­mez­çi­li­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly lo­gis­ti­ka kyn­çy­lyk­la­ry­ny ara­dan aýyr­ma­gy mak­sat edin­ýär. Aw­to­mat­laş­dy­ry­lan ugur­la­ryň tä­ze ul­ga­my To­kio­ny, Osa­ka­ny we beý­le­ki şä­her­le­ri bir­leş­di­rer we tak­my­nan, 25 müň ýük aw­tou­la­gy­nyň or­nu­ny tu­tar. Şeý­le hem bu tas­la­ma ýol­lar­dan on müň­ler­çe ýük aw­tou­la­gy­ny ke­melt­mek bi­len, ho­wa goý­be­ril­ýän zy­ýan­ly gaz­la­ryň muk­da­ry­ny-da azal­dar.

Tä­ze ne­bit we gaz ýa­tak­la­ry ta­pyl­dy

Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň ener­ge­ti­ka mi­nist­ri şa­za­da Ab­du­la­ziz bin Sal­man ýur­duň gün­do­gar we­la­ýa­tyn­da we Rub al-Ha­li säh­ra­syn­da ýe­di sa­ny tä­ze ne­bit we gaz go­ru­nyň ýü­ze çy­ka­ry­lan­dy­gy­ny ha­bar ber­di. Mi­nist­riň aýt­ma­gy­na gö­rä, tä­ze ne­bit we gaz ýa­tak­la­ry ýur­duň mil­li ne­bit kom­pa­ni­ýa­sy «Sau­di Aramco» ta­ra­pyn­dan ýü­ze çy­ka­ryl­dy.