"Türkmen dünýäsi" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-45, 38-60-40, 38-60-44
Email: turkmendunyasi@sanly.tm

Habarlar

Türkmeniň aýratynlygy

Ir zamanda arap ulamasy iki talybyny ýanyna çagyryp: — Şu gelýän kerwende biziň çakylygymyz bilen türkmen akyldary gelmeli. Kerweniň şähere girmegine bir gün galanda öňünden çykyp, ony ýadatman, elin alyp geliň — diýipdir.

Soňky sütün

Lukman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köpjiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda türkmen topragynda bitýän melhemlik ösümlikler barada gymmatly maglumatlar berilýär. Türkmen alymlary tarapyndan üzärlik tüssesini netijeli peýdalanmak boýunça geçirilen ylmy-barlag we seljerme işleriniň netijesinde, adaty üzärlik ösümligini ilkinji gezek, hiç hili goşundysyz, belli bir basyş astynda dykyzlandyryp, briket görnüşine getirmek usuly işlenip düzüldi. Üzärlikden ýasalan brikedi tüsseletmek arkaly otaglary zyýansyzlandyrmak mümkindir. Briketlenen görnüşde onuň deslapky bejeriji häsiýetleri saklanyp galýar. Üzärlik ösümligini briketleşdirmek boýunça geçirilen ylmy-barlag işleriniň netijesinde, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugyndan «Üzärlik ösümligini briketleşdirmegiň usuly» atly oýlap tapyşyň çäklendirilen patenti alyndy. Üzärligi briketleşdirmek usulynyň esasy maksady ýylyň ähli paslynda, islendik ýerde tüsseletmek arkaly, bu melhemlik ösümligiň howany tämizleýji, rahatlandyryjy, dürli ýaramaz täsirlerden goraýjy häsiýetini giňden peýdalanmakdan ybaratdyr. Dürli keselleriň öňüni almak bilen baglylykda, üzärlik briketiniň önümçiliginiň senagat derejesinde ýola goýulmagy içerki sarp edijileriň bu önüme bolan islegini doly kanagatlandyrmaga we ony daşary ýurtlara eksport etmäge mümkinçilik berer. * * *

Gyz edebi — il edebi

Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde welaýat Polisiýa müdirliginiň guramagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa kümüş saçly eneler, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri, talyp gyzlar gatnaşdylar.

Magtymguly diýlip ady tutulsa...

Ýaşyň ýokary galdygyça, ýyllar juda çalt geçýär. Sen indi ähli zada ýüzleý garaýan göçgünli ýaş oglan däl-de, ykbalyň daşgynynam, gaýtgynynam telim gezek gören, dadylmaly süýji zatlaram, ajy zatlaram kemsiz dadan, häzir bolsa aklygyň içinde gezip ýören ýaşuly adamsyň. Seni indi barha Magtymguly özüne çekýändir. Onuň goşgulary okalýan pursatda ähli zady unudýansyň. Okarsyň, oýlanarsyň, özüňçe netije çykararsyň: seniň göwnühoş ýylgyrmaň aňyrsynda eden haýyr işleriň bardyr, hyrçyňy dişläp, baş ýaýkamaň aňyrsynda bolsa eden hata işleriň bardyr. Magtymguly, aýdylyşy ýaly, seni ýüpsüz baglandyr, sebäbi sen beýik ynsanyň huzuryna baransyň! Onuň aýdan zady kändir, örän kändir...

Gözegçiliksiz otdan seresap boluň

Hormatly Prezidentimiziň atalyk aladalary netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha gowulanýar. Şeýle ajaýyp döwürde ýaşaýyş jaýlaryny we beýleki binalary aýawly saklamak, olarda ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berk berjaý etmek biziň her birimiziň borjumyzdyr. Ýaşaýyş jaýlarynda, esasan, elektrik, gaz bilen işleýän gyzdyryjy enjamlar bilen iş salşylanda, örän seresaply bolmak gerek. Gaz peçleriniň güýçli ýakylyp, olaryň golaýynda ýanyjy materiallaryň galdyrylmagy, peje tebigy gazy eltmek üçin rezin geçirijiniň çekilmegi, onuň bolsa gyzgyna eremegi netijesinde howply ýagdaýlar döräp biler. Şeýle-de ýakylan gaz peçleriniň birnäçe wagt gözegçiliksiz galdyrylmagy, pejiň ýanyjy materiallaryň üstünde oturdylmagy hem ýangyn hadysasynyň döremegine sebäp bolýar.

Ruhubelentlige eltýän ýol (Kämillige tarap)

Käte durmuşda özümizi başarnyksyz duýýarys. Näçe jan edip işlesek-de, öňki öndürijiligimiz ýok ýaly, her näçe jan edip okasak-da, derslerdäki başarnygymyz öňkülerden pese gaçýan ýaly, beýleki adamlaryň bize bolan garaýşy üýtgäp barýan ýaly duýulýar. Hemişe bir zada ýetişmeýän ýaly, iňňän kiçijek bir meseläni ýa-da päsgelçiligi hem ulaldyp, ondan baş alyp çykyp bilmän ýören ýaly duýgulary başdan geçirýäris. Özümizi, köplenç, ýadaw duýup, sähelçe zada gaharlanyp, edýän işimize ünsümizi jemläp bilmän gezýäris. Aslynda, bu agzalan meseleleriň düýp sebäbi — dartgynlylyk. Dartgynlylyga näme sebäp bolýar?

Ynsan we tebigat

♦ Aňyň taryhy tebigatyň taryhynyň dowamydyr. Taryhy ösüşi nazara almasaň, adamzada bolşy ýaly, tebigata hem düşünip bilmersiň. Gersen.

Zäh­met gatnaşyklarynyň hukuk kadalary

Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Wa­ta­ny­myz­da ka­nun­çy­ly­gy kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ka­nun­çy­lyk ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­me­giň esa­sy mak­sa­dy ýur­duň gül­läp ös­me­gi üçin yg­ty­bar­ly hu­kuk bin­ýa­dy­ny dö­ret­mek­den yba­rat­dyr. Hä­zir­ki dö­wür­de Türk­me­nis­ta­nyň zäh­met ka­nun­çy­ly­gy top­la­nan tej­ri­be­ler we umu­my yk­rar edi­len hal­ka­ra hu­kuk ka­da­la­ry esa­syn­da kä­mil­leş­di­ril­ýär. Ada­myň zäh­met çek­mä­ge, öz is­le­gi­ne gö­rä hü­när, kär we iş ýe­ri­ni saý­lap al­ma­ga, sag­dyn hem howp­suz zäh­met şert­le­ri­ne bo­lan hu­ku­gy­ny dur­mu­şa ge­çir­mä­ge gö­nük­di­ri­len hu­kuk ka­da­la­ry yzy­gi­der­li döw­re­bap­laş­dy­ryl­ýar. «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2019 — 2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy» zäh­met gat­na­şyk­la­ry­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak we zäh­me­ti go­ra­mak bo­ýun­ça hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry bi­len hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek, onuň esa­syn­da zäh­met ka­nun­çy­ly­gy­ny kä­mil­leş­dir­mek, döw­re­bap zäh­met ba­za­ry­ny, iş bi­len üp­jün­çi­li­giň dur­muş ke­pil­len­dir­me­le­ri ul­ga­my­ny eme­le ge­tir­mek ba­ra­da­ky çä­re­le­riň giň top­lu­my­ny göz öňün­de tut­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hal­kyň ýa­şa­ýyş şert­le­ri­niň go­wu­lan­dy­ryl­ma­gy ug­run­da yzy­gi­der­li ala­da ed­ýär. Ýur­du­myz­da ila­tyň

Çagalaryň söý­gü­li mult­fil­mi

Ça­ga­la­ryň uly hö­wes bi­len to­ma­şa edýän «Dur, ba­ka­ly!» mult­fil­mi­niň dö­re­di­le­ni­ne 51 ýyl dol­sa-da, ol iň söý­gü­li mult­film­le­riň ha­ta­ryn­dadyr. Mult­film 1969-njy ýyl­da «So­ýuz­mult­film» stu­di­ýa­sy­nyň re­žiss­ýo­ry Gen­na­diý So­kolsk ta­ra­pyn­dan su­ra­ta dü­şü­ri­lip baş­la­nyp­dyr. Ol il­kibaş­da 3 sa­ny gys­ga sýu­žet­den yba­rat bo­lup­dyr. Mult­film­de mö­je­giň tow­şan­jy­gy yzar­laý­şy we her ge­ze­gem bir şow­suz­ly­gyň üs­tün­den bar­şy gy­zyk­ly wa­ka­la­r arkaly su­rat­lan­dy­rylýar. Je­mi 20 bö­lüm­den yba­rat bo­lan bu mult­fil­miň bö­lüm­le­ri dür­li ýyl­lar­da su­ra­ta dü­şü­ri­lip­dir. Her bö­lü­miň dür­li-dür­li ýer­ler­de, me­se­lem dü­kan­da, mu­zeý­de, se­ýil­gäh­de, sta­dion­da, met­ro­da, sirk­de su­ra­ta dü­şü­ril­me­gi mult­fil­mi özü­ne çe­ki­ji ed­ýär. Onuň gy­şyň gar­ly gün­le­ri­ni su­rat­lan­dyr­ýan we tä­ze ýy­la ba­gyş­la­nan bö­lüm­le­ri has-da gy­zyk­ly. Tä­ze ýyl ag­şa­my bel­le­nil­ýän bö­lü­min­de mö­je­giň we tow­şan­jy­gyň ýe­ri­ne ýe­ti­ren «Aýaz­ba­ba­nyň we Gar­pa­my­gyň» aý­dy­my ýö­ri­te şu mult­film üçin ýa­zy­lyp­dyr. Gah­ry­man­la­ra bel­li akt­ýor­lar Ana­to­liý Pa­pa­now we Kla­ra Rum­ýa­no­wa ses be­rip­dir­ler.

Jümle-jahan habarlary

Antilopa jülgesi

Ýürek sözi

Şa serpaýy göwünlere ganat berdi Welaýatymyzyň iri obasenagat merkezleriniň biri bolan S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda durmuş, ykdysady we medeni taýdan iň ýokary görkezijileri gazanmak ugrunda 2020-nji ýylda geçirilen bäsleşigiň ýeňijisi hökmünde yglan edilmegi etrabyň ähli ýaşaýjylarynyň başlaryny göge ýetirdi. Ýurdumyzyň iň gowy etraby hökmünde ykrar edilen etrabyň häkimligine Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragyny —  ABŞ-niň 1 million dollaryny gowşurmak dabarasy hem uly şatlyk-şowhuna beslenip geçirildi. Bu dabara welaýatymyzyň ähli ilatynyň hakydasynda galan taryhy wakalara baý boldy. Şa serpaýy etrabyň agzybir zähmetkeşleriniň, bereketli topraga bagry badaşan babadaýhanlarymyzyň halal zähmetine mynasyp sowgat boldy. Bu olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.

Jemgyýet we kanun

YNSAN SAGLYGY HAKDAKY ALADA Ýurdumyzda hereket edýän «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda», «Raýatlaryň saglygynyň temäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda», «Ene süýdi bilen iýmitlenmegi wagyz etmek we goldamak hakynda», «Derman üpjünçiligi hakynda», «Adamyň immunýetmezçilik wirusy sebäpli döreýän keseliň (AIW ýokanjynyň) ýaýramagyna garşy göreşmek hakynda», «Psihiatrik kömek bermek hakynda», «Azyk howpsuzlygy hakynda (rejelenen görnüşi)», «Şypahana işi hakynda», «Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi hakynda», «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ynsan saglygyny goramak çygrynda wajyp kadalaşdyryjy hukuk namalarydyr.

Demokratik ýörelgeleriň dabaralanmagy

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryny üstümizdäki ýylyň 28-nji martynda geçirmek bellenildi. Häzirki döwürde şol saýlawlary ýokary derejede guramaçylykly geçirmek maksady bilen, taýýarlyk işleri giň gerimde alnyp barylýar. Çünki ilkinji gezek geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň halkyň, esasan hem, ýaşlaryň syýasy işjeňligini ýokarlandyryp, syýasy-hukuk medeniýetini has-da kämilleşdirmekde möhüm waka öwrüljekdigini ynamly aýtmak bolar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Akdepe etrap geňeşi tarapyndan hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk möwsüminiň ýokary guramaçylykly geçirilmegine ýakyndan ýardam berilýär. Saýlawlaryň milli ýörelgelerimize we halkara derejede ykrar edilen kadalara laýyklykda, demokratik şertlerde guraljakdygyny halkyň, esasan hem, ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek çäreleri yzygider geçirilýär. Mundan başga-da, guramamyzyň kämil düşünjeli, syýasy taýýarlykly, öňdebaryjy işjeň agzalaryndan milli synçylyga wekiller hödürlenildi. Olar özleriniň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde saýlaw möwsüminiň dowamynda saýlawlara taýýarlyk işleriniň gidişine we saýlawlaryň guramaçylykly geçirilişine gözegçilik ederler. 

Maslahat geçirildi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe il-günümiziň asuda, abadan durmuşyny üpjün etmekde uly tagallalar edilýär. Tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlarda halas ediş işlerini guramaçylykly ýola goýmak, şeýle ýagdaýlara hemişe taýýar bolmak bilen bagly wezipelere-de hemişe uly üns berilýär. Golaýda Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler zalynda geçen ýylyň jemine bagyşlanylyp, hem-de adatdan daşary ýagdaýlar barada maslahat geçirildi. Maslahata etrap, şäher häkimleriniň orunbasarlary, häkimlikleriň jogapkär işgärleri, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň welaýat Raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň raýat goranyşyna taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak bölümçesiniň hünärmenleri gatnaşdylar. Maslahatda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň welaýat Raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň serkerdesi podpolkownik Guwanç Arazow çykyş edip, geçen ýylda edilen işler barada giňişleýin gürrüň berdi hem-de raýat goranyşyň we adatdan daşary ýagdaýlarda halas ediş işleriniň häzirki döwürdäki möhüm ähmiýeti barada durup geçdi. Soňra şu müdirligiň raýat goranyşyna taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak bölümçesiniň hünärmeni leýtenant Mekan Arazweliýew raýat goranyşynyň harby bölümleriniň şahsy düzüminiň, edara-kärhanalaryň, guramalaryň, raýat goranyşynyň birikmeleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri tarapyndan ilaty raýat goranyşy boýunça taýýarlamagyň we ga

Şekillerde Watan waspy

Golaýda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde 2021-nji — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli, hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynyň esasynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň, welaýat medeniýet müdirliginiň, Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň bilelikde guramagynda «Watan waspy» atly surat çekmek boýunça sergi bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige Daşoguz şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebiniň hem-de welaýatyň çagalar sungat mekdepleriniň şekillendiriş sungaty hünär ugry boýunça bilim alýan okuwçylar gatnaşdylar. Sergide okuwçylaryň suwly reňkde, guaşda, tuşda çeken suratlarynda mähriban Watanymyz, baýramçylyk günleri hem-de türkmen esgerleriniň Watan goragyndaky keşpleri ussatlyk bilen wasp edilýär. Bäsleşikde 1-nji synp okuwçylarynyň arasynda birinji orna Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Ogulşat Hanowa, ikinji orna S.A.Nyýazow adyndaky çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Şihnazar Täjimuradow, üçünji hem höweslendiriji orunlara, degişlilikde, Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylary Geňlik Baýramgulyýewa, Sähra Allabaýewa, Köneürgenç şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Perman Bäşimow, ikinji synplaryň arasynda birinji orna Köneürgenç şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň

Giň dünýäniň geň habarlary

Howada ösdürilýän ýeralma Häzirki wagtda ýeralma önümçiliginde giňden ýaýran görnüşleriň biri hem ony topraksyz ýetişdirmek bolup durýar. Bu usuldan Hindistanyň daýhan hojalyklary işjeň peýdalanyp başladylar. Geçirilen tejribe bu önümiň hasyllylygyny 4—6 esse ýokarlandyrmaga ýardam berdi. Emma ol adaty ýeralmalara garanyňda 90 gün giç hasyl toplaýar. Emma goşmaça iýmit serişdelerini bermek zerurlygynyň ýokdugy sebäpli, çykdajylaryň 40 göterimini tygşytlamaga ýardam berýär. Şeýle hem oňa hiç hili zyýankeşleriň täsir etmeýändigi örän täsindir. Ýeralma dünýä ilatynyň sarp edýän azyk önümleriniň içinde bugdaýdan, şalydan soň üçünji orny eýeleýär. Ýeralma garaňkyladylan ýyladyşhanada asma usulynda ösdürilýär. Onuň köki ýörite tehnologiýalar arkaly mikroorganizmler bilen baýlaşdyrylyp durulýar.

28-nji mart — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary günüdir

Taryhy waka bolar “Türkmenistan —— parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýylyň ilkinji günlerinden badalga alan saýlaw möwsüminiň çäklerinde häzirki wagtda bu möhüm syýasy çärä taýýarlyk işleri welaýatymyzda guramaçylykly alnyp barylýar. Saýlawlaryň geçirilişine syn etmegiň demokratik ýörelgelerini halkara kadalaryna laýyklykda has-da berkitmek arkaly jemgyýetçilik durmuşynda halk häkimiýetiniň dabaralanmagyny gazanmak milli synçylaryň esasy üns berýän taraplarynyň birine öwrüldi. Türkmenistanyň Saýlaw Kodeksiniň 6-njy maddasyna laýyklykda, saýlawlaryň aýanlykda we demokratik ýörelgeler esasynda geçirilmegini gazanmak maksady bilen syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary, raýatlar toparlary tarapyndan milli synçylar hödürlenilip, olara ygtyýarlyklaryny ykrar edýän şahsyýetnamalar gowşuryldy.

Aýdyň ertirimiziň ýörelgesi

Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda Türkmenistan döwletimizde ähli ulgamlarda uly üstünlikler gazanylýar. Şeýle hem milli Liderimiziň tagallasy bilen ata Watanymyzyň halkara abraýy has-da artýar. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň dünýäniň döwletleri bilen ykjam hyzmatdaşlygy ýola goýmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Üstümizdäki — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda hem parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş ýoly bilen halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklary has-da pugtalanar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy uly dabara bilen bellenilip geçiler.

Türgenleşik çäresi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüş-özgerişleri bilen geljege sary ynamly öňe barýan ajaýyp zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ynsan saglygyny dikeltmek we ony goramak barada netijeli işler durmuşa geçirilýär. Bu bolsa “Döwlet adam üçindir!” diýen parasatly şygaryň gönüden-göni raýatlaryň durmuşyna gönükdirilýändigine ýene bir gezek şaýatlyk edýär. Ýakynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň adatdan daşary ýagdaýlar dörände tiz duýmak topary welaýat raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirligi bilen bilelikde türgenleşik çäresini geçirdi. Çärede TGÝMJ-niň welaýat bölüminiň bölümçe müdiri Muhammetgeldi Allaýarow çykyş edip, adatdan daşary ýagdaýlar dörände, ilkinji halas ediş işlerini giňişleýin düşündirdi. Şeýle-de, Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ýurdumyzyň her bir raýatynyň asuda, eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleriň durmuşa ornaşdyrylýandygy barada giňişleýin gürrüň berdi.

Alada artýar

Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky aýdyň maksatnamalary rowaçlyklara beslenýär. Gujurly ýaşlarymyzyň gatnaşmagynda Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz ähli ugurlar boýunça ösüşlere, özgerişlere, üstünliklerdir belent sepgitlere eýe bolýar. Şeýle ajaýyp üstünliklere ruhlanýan ýaşlarymyz Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyny özleriniň döredijilikli zähmetleri bilen dabaralandyrýarlar. Her bir güni şanly senelerdir taryhy wakalara beslenýän eziz Diýarymyz täze ösüşlere barýar. “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021—2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Maksatnamasynyň” kabul edilmegi biz — ýaşlary buýsandyrdy we has-da ruhlandyrdy.