Gazlift klapanlary we olaryň işleýiş aýratynlyklary

3 Aprel 2023
826

«Türkmennebit» döwlet konserniniň nebitgaz çykaryş müdirlikleriniň gazlift usuly bilen işleýän guýularynda ornaşdyrylan ýerasty enjamlar, esasan-da, dürli kysymly gazlift klapanlary nebit çykarylyşyny birsyhly artdyrmaga we tehnologik iş proseslerini kämilleşdirmäge ýardam berýär. Gazlift klapanlar hem, öz gezeginde, gaz goýberiji (gysyjy) we iş klapanlaryna bölünýär. Goýberiji klapanlar göteriji turbalarda oturdylyp, guýulary iş agenti (gaz) bilen özleşdirmek üçin niýetlenen bolsa, iş klapanlary guýular özleşdirilenden soň, olaryň ulanyş wagtynda gatlak ýa-da çuňluk basyşlary peselende ýa-da gazyň berlişi üýtgände, guýularyň kadaly işlemegi üçin iň aşakda goýulýan klapandyr.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň günorta-günbatar sebitleriniň nebitgaz çykaryjy bölümlerinde differensial (ýaýjykly) we silfonly klapanlar giň möçberde ulanylýar. Differensial klapanlar turbaňry we nasos-kompressor turbalar arasyndaky giňişlikde basyş tapawutlary bilen işleýän bolsa, silfonly klapanlar turbaňry giňişlikde iş agentiniň (gazyň) basyş täsiri astynda işleýär.

Weýis AMANTAGANOW,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar