Goňur aýy

29 Mart 2023
1823

Aýylar maşgalasynyň iň ýaýran görnüşleriniň biri-de goňur aýydyr. Onuň ýaýrawy örän giň bolup, Ýewropada, Aziýada we Demirgazyk Amerikada duş gelýär. Goňur aýylar berk beden gurluşly we gysga aýakly iri haýwandyr. Olaryň reňkiniň ýaýran ýerlerine görä üýtgeýändigi örän geňdir. Goňur aýylaryň käbirleri ululyklary boýunça-da tapawutlanýarlar. Bedeniniň uzynlygy 2 metrden 2,2 metre çenli bolan aýynyň agramy 150-250, käte 350 kilograma ýetýär. Bedeniniň uzynlygy 2,5 metr bolan iň iri aýylaryň agramy 750 kilograma golaýlaýar.

Magtymguly etrabynyň Sumbar we Çendir jülgelerinde goňur aýylara gabat gelmek bolýar. Olar ösümlikleriň ýogyn köklerini, ter otlary, tohumlary, hyrawa ösýän üljäniň, alyçyň, almanyň, armydyň, naryň, injiriň, horaçekeniň, hozuň, pissäniň, üzümiň, böwürsleniň, itburnuň we beýleki ösümlikleriň miwelerini hem-de ir-iýmişleri iýýärler. Şeýle-de oňurgaly we oňurgasyz haýwanlary awlaýarlar.

Hanmeňli HOJAMÄMMEDOWA,
Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar