Alakapisint gemriji

29 Mart 2023
1860

Tebigatyň täsin jandarlarynyň biri-de bedeniniň uzynlygy 60 santimetre, guýrugynyň uzynlygy 45 santimetre barabar bolan nutriýadyr. Ol uly alaka meňzeşdir. Haýwanat dünýäsiniň gemrijiler toparyna degişli bolan jandaryň agramy 5-12 kilograma ýetýär. Onuň kellesi ulurak, gözleri we gulaklary kiçi, açyk goňrumtyl reňkli, burny suwda ýüzmek, çümmek üçin ýöriteleşen perdeli bolýar. Bu jandarlaryň aýaklaryndaky barmaklarynyň aralaryndaky perdesi hem-de gaýyşpisint togalak uzyn guýrugy suwda ýüzen mahaly çalt hereketleri, öwrümleri etmäge ýardam edýär. Olar suwda özlerini erkin duýýarlar, tüýi suw geçirmeýär. Tüýüni 6 aýa ýetmän çalşyp durýarlar. Olaryň noýabrdan marta çenli aralykdaky döwürde aňrybaş oňat tüýleri bolýar.

Dag eteklerindäki derýalaryň, gamyşly kölleriň we suw howdanlarynyň kenarlarynda ýaşaýan bu gemrijiler suwuň astynda 10 minuta çenli saklanyp bilýärler. Gijelerine has-da işjeň bolýarlar. Dürli ösümlikleriň kökleri, gamyş we miweler bilen iýmitlenýärler, seýrek halatlarda, ösümlikleriň azlyk eden ýagdaýlarynda mollýusklary, sülükleri hem iýýärler. Olar 2-den 13-e çenli topar bolup ýaşaýarlar. Bir ýylyň dowamynda 2-3 gezek guzlaýarlar. Böwrüniň ýokarsynda ýerleşýän 4-5 jübüt süýt mäzleri olara çagajyklaryny suwuň içinde hem emdirmäge mümkinçilik berýär.

Orazgül ŞANYÝAZOWA,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň hünärmeni.
Beýleki habarlar