Ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji

22 Mart 2023
870

Hususyýetçiligi ösdürmekde döwletimiz tarapyndan edilýän aladalaryň netijesinde telekeçilik ykdysadyýetimiziň möhüm pudagyna öwrüldi. Berkarar Watanymyzda haryt bolçulygynyň gerimini giňeldip, iş orunlaryny döretmekde, eksport edilýän önümleriň görnüşlerini we möçberlerini artdyrmakda pudagyň gazanýan üstünlikleri muny doly görkezýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli guralan sergi hem-de ýokary derejede geçirilen maslahat şeýle buýsançly hakykaty ýene bir ýola tassyklady. Hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda iş alyp barýan hususy pudagyň geçen döwür içinde gazanan üstünliklerini doly açyp görkezen serginiň işi bilen ýakyndan tanyşmagy hem-de ýurdumyzyň işewürlerine gymmatly maslahatlaryny bermegi telekeçilerimizi täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Arkadagly Serdarymyzyň bildirýän uly ynamyny ödemek üçin telekeçilerimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ruhuna laýyk zähmet çekip, döwletimiziň ösüş maksatnamalarynyň rowaçlyklara beslenmeginde mundan beýläk-de ähli ukyp-başarnyklaryny orta goýarlar. Türkmen işewürleriniň bu babatdaky agzybirlikli zähmeti öndürilýän dürli önümleriň we hödürlenýän hyzmatlaryň ýokary hil derejesinde, täze başlangyçlardyr döwrebap işläp taýýarlamalary, ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny, ösen tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmakda indiki gazanjak üstünliklerinde mynasyp beýanyny tapar. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda» şunuň ýaly döwletli maksatlary öňde goýýan telekeçilerimiziň öndürijilikli, döredijilikli işlemekleri, durmuşa geçirilýän düýpli özgertmelere mynasyp goşant goşmaklary üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza hoşallygymyz egsilmezdir.

Toýmämmet Hajyýew,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygy.
Beýleki habarlar