Türk­men işe­wür­le­ri­niň işi bar­ha iler­le­ýär

19 Mart 2023
1038

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz­de, şol san­da onuň her bir pu­da­gyn­da, şeý­le hem te­le­ke­çi­lik ul­ga­myn­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler, ýe­til­ýän be­lent sep­git­ler di­ňe bir san­lar­da, mag­lu­mat­lar­da däl, eý­sem, ser­gi­ler­de hem da­ba­ra­lan­ýar. Şo­nuň üçin her ýyl döw­rüň ta­la­by na­za­ra al­nyp, şeý­le hem il­deş­le­ri­mi­ziň we da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­la­ryň gy­zyk­lan­ma­sy­nyň art­ýan­dy­gy üçin baý­ram­çy­lyk­lar, şan­ly se­ne­ler my­na­sy­bet­li ser­gi­le­ri, şol san­da pu­dak­la­ýyn ser­gi­le­ri, mas­la­hat­la­ry gu­ra­ma­ga, ge­çir­mä­ge mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär.

Şu gün­ler paý­tag­ty­myz­da Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň dö­re­dil­me­gi­niň 15 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan ser­gi­niň ge­çi­ril­me­gi mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň dö­re­dil­me­gi­niň 15 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li Türk­me­nis­ta­nyň se­na­gat­çy­la­ry­nyň we te­le­ke­çi­le­ri­niň ser­gi­si­ne hem-de bir­leş­mä­niň ag­za­la­ry­nyň mas­la­ha­ty­na gat­na­şy­jy­la­ra Gut­lag iber­me­gi bu çä­rä­niň äh­mi­ýe­ti­niň ýo­ka­ry­dy­gy­ny aý­dyň gör­kez­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz şeý­le bel­le­ýär: «Di­ýa­ry­my­zyň eks­port kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak­da, tä­ze önüm­çi­lik­le­ri ýo­la goý­mak­da, ba­zar bol­çu­ly­gy­ny dö­ret­mek­de, iş üp­jün­çi­li­gin­de hu­su­sy pu­da­ga mö­hüm orun de­giş­li­dir. Türk­men te­le­ke­çi­le­ri hal­ka­ra de­re­je­de ýur­du­my­za my­na­syp we­kil­çi­lik ed­ýär­ler, döw­le­ti­mi­ziň ab­ra­ýy­ny has-da be­len­de gö­ter­ýär­ler».

«Mu­gal­lym­lar ga­ze­ti».
Beýleki habarlar