Türkmenistanyň hormatly raýatlary!

28 Fewral 2023
743

Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň Sarahs etrap şahamçasy önümçilikleri goldamak maksady bilen, ýurdumyzyň raýatlaryna olaryň melleginde (kömekçi hojalygynda, bölünip berlen ýer böleginde) ekerançylyk etmek we maldarçylygy ösdürmek, oba hojalyk önümlerini öndürmek, esasy we dolanyşyk serişdelerini edinmek hem-de iri önümçilikler üçin zerur bolan ýerli çig mallary öndürmek maksatlaryna kiçi göwrümli karzlary hödürleýär.

Kiçi göwrümli karzlar 6 aýa çenli ýeňillikli döwri bolan, 3 ýyla çenli möhlet bilen, 30000 (otuz müň) manada çenli möçberde, ýyllyk 10% tölegli berilýär.

Beýleki habarlar