Bäsleşige taýýarlykly barýarys

27 Ýanwar 2023
886

Şu gün biziň orta hünär okuw mekdebimizde mugallymlaryň we talyplaryň gatnaşmaklarynda maslahat geçirildi. Onda talyplary ylmy gözleglere giňden çekmek, olary öňde durýan ders bäsleşiklerine göreldeli taýýarlamak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň bilimli, giň dünýägaraýyşly, arassa ahlakly, başarjaň adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda ýadawsyz aladalary edýär. Şeýle aladalardan ruhlanyp, biziň orta hünär okuw mekdebimizde netijeli işler alnyp barylýar. Edilýän tagallalaryň ýerine düşýändigine talyplarymyzyň ders bäsleşiklerinde şowly çykyş edýändikleri hem ynandyryjylykly subutnamadyr. Geçen ýylda ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdepleriniň 42-siniň talyplarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen bäsleşikde biziň mekdebimiziň talyplary baýrakly orunlaryň altysyny eýelediler. Zehin bäsleşiginde üstünlik gazananlaryň arasynda Enejan Seýidowa, Käbe Hojamyradowa, Nurtäç Nurgeldiýewa we beýlekiler bar. Olaryň şowly çykyş etmeklerinde Myrat Joraýew, Tawus Gotdaýewa, Bahar Myradowa ýaly tejribeli mugallymlarymyzyň uly zähmet paýy bar.

Alym JUMAÝEW,
Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň I ýyl talyby.
Beýleki habarlar