Düýe çaly

4 Ýanwar 2023
1424

Türkmen halky gadym wagtdan bäri maldarçylygy, şol sanda düýedarçylygy hem ýaşaýyş hajatlaryny üpjün edýän kesp-kär hasaplapdyr. Uç-gyraksyz, aňňat-aňňat gum depeli türkmen ýaýlalarynda ösüp-örňäp ýören düýe malynyň belli bahasy ýokdur. Düýäniň süýdi we ondan taýýarlanylýan çal, agaran gündelik iýmitlenişde giňden ulanylýar. Bu melhem içgi diňe bir teşneligi gandyrman, eýsem, keselleri bejermekde we olaryň öňüni almakda hem uly ähmiýete eýedir. Düýe çalynyň düzüminde köp mukdarda ýaglar, uglewodlar, kalsiý, magniý we beýleki ýokumly maddalar, witaminler toplumy, dokumalarda täze öýjükleriň emele gelmegine hem-de bedende madda çalşygynyň kadaly bolup geçmegine itergi berýän beloklar jemlenendir. Çalyň düzümindäki C we D witaminler bedende ýaglaryň alyş-çalşygyny hem-de turşadyjy hadysany güýçlendirýär. Düýe çaly merkezi degna ulgamyna oňyn täsir edip, ukyny kadalaşdyrýar, ýatkeşligi berkidýär, akyl zähmetine ukyby ýokarlandyrýar. Düýe çalyny howanyň temperaturasyna, adamyň ýaşyna we saglygyna baglylykda bir günüň dowamynda bir litre çenli mukdarda içmek mümkindir. Lukmanlar dem alyş ýollarynyň we aşgazan-içege ulgamynyň kesellerinde ýaňy saglan düýe süýdüniň bir bulguryny içmegi maslahat berýärler. Yzygiderli çal içýän adamyň işdäsi hem-de şähdi açyk bolýar. Ylaýta-da, mineral duzlaryň we ýokumly maddalaryň köp ýitirilýän döwri bolan tomus paslynda düýe çalyny içmek peýdalydyr. Ol yssy howada der bilen ýitirilýän witaminlerdir ýokumly maddalaryň öwezini dolýar.

Beýleki habarlar