«Oguz Robotyň» üstünlikleri

21 Dekabr 2022
1475

Heňňamy haýrana goýýan ýagdaýlar öňem bolupdyr, häzirem bolýar. Ýaş türkmenistanlylaryň tehnika-tehnologiýanyň ösen döwri bilen aýakdaş gidip, täzeçe oýlap tapyşlarynyň, irginsiz gözlegleriniň netijesem edil şeýle. «Nädip?» diýýäňizmi?! Ine, «Oguz Robotyň» üsti bilen. Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň zehinli okuwçylaryndan düzülen «Oguz Robot» gurnagynyň agzalarynyň diňe bir döwletimizde däl, eýsem, halkara derejesindäki bäsleşiklerde hem ýeňişli orunlary eýeleýändigini eşideniňde, olara «Tüweleme» diýeniňi duýman galýarsyň...

Zehinli okuwçylaryň 90-a golaýyny özünde jemleýän bu gurnagyň gazanýan üstünlikleri soňky ýyllarda has-da artdy. Şu ýylyň oktýabr aýynyň 13 – 16-sy aralygynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçirilen «FIRST Global Challenge 2022» – Halkara Robototehnika bäsleşiginde edilen şowly çykyş «Oguz Robota» nobatdaky ýeňşi bagyşlady. Bu halkara bäsleşik 162 döwletiň mekdep okuwçylaryndan ybarat bolan milli ýygyndy toparlaryny bir ýere jemledi. Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň okuwçylary – Jelaleddin Gylyçmuhammedowyň, Pirguly Öwezowyň, Nurmämmet Nazarowyň, Polat Baýramowyň, Arslan Poladowyň bäsleşikde ýurdumyza wekilçilik edendigini bellemek gerek.

Gurbanmyrat SARYÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar