«Doganlar ýyldyzy»: Täze ýyla täze şokoladlar

18 Dekabr 2022
877

Täze ýyl saçagy diýilse, ilkinji nobatda, süýjülik torty, dürli, owadan gaplara gaplanan süýjülikler göz öňüňe gelýär. Asyl, Täze ýyl baýramçylygy — süýjüligiň baýramy diýsek, hakykatdan daş düşmeris. Sebäbi bu baýramçylygy süýji-kökelersiz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Täze ýyl saçagyny ýazanymyzda-da, ilki süýji önümleri äberýäris. Ýakyn adamlarymyzy Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlajak bolanymyzda-da, bezemen gaplarda satylýan süýjülikleri sowgat berýäris. Sowgatlyk üçin süýji önümlerini saýlanymyzda, «Doganlar ýyldyzy» hususy kärhanasynyň «Ak ýürek», «Janym», «Altyn dag» haryt nyşanly şokoladlary diňe bir datly tagamy bilen däl, eýsem, özüniň atlary bilen hem ýüregiňden çykýan süýji sözleri, arzuw-dilegleriňi ýakyn adamlaryňa ýetirmek üçin ýörite öndürilen ýaly.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Çary Sähedow tarapyndan 2018-nji ýylda esaslandyrylan «Doganlar ýyldyzy» hususy kärhanasy her ýyl Täze ýyl baýramçylygynda halkymyzyň agzyny täze süýji önümleri bilen süýjütmegi özüne adat edinipdir. Kärhanada ýokarda agzalanlardan başga-da, «Merw», «Bal top», «Alyber», «Babella» haryt nyşanly assorti şokoladlar, gaplanan, içi huruşly we huruşsyz süýjüler alyjylara hödürlenilýär. Ýakynda «Türkmenistan» assorti hem-de plitka şokoladlaryny, şeýle hem «Altyn Dag» wanilla hem-de pyrtykal tagamly şokoladlaryny satuwa çykardy. Çagalar üçin ýörite süýtli tagamy bilen tapawutlanýan täze «Mikoo» atly dürli şekiljikli süýjülerini bolsa sowgat alan çagalar monça bolýarlar. Bu kärhana ýakyn wagtda «Syrdaş» haryt nyşanly täze süýjüliklerini müşderilerine hödürlemegi meýilleşdirýär.

Ajaýyp NOBATOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.
Beýleki habarlar