Kolibri guşy

2 Dekabr 2022
1774

Tebigatyň ösümlik we haýwanat dünýäsi owadanlygy, üýtgeşikligi bilen tapawutlanýar. Kolibri guşy özüniň kiçiligine garamazdan, ýer ýüzünde iň owadan guşlaryň biri hasaplanýar. Bu guşlara «Topaz kolibri», «Uçýan lagyl», «Zümerret bokurdajyk», «Ýalynly topaz» diýlen atlaryň goýulmagy ýöne ýerden däldir. Kolibri guşunyň ýelegini gymmat bahaly daşlara deňeýärler. Guşuň ýelegine Gün şöhlesi düşende lowurdaýar. Şeýlede bu guş dünýäde öňe, yza we gapdala uçup bilýän ýeketäk guşdur.

Kolibri guşuň ölçegi 5 santimetre, agramy 1,6—1,8 grama ýetýär. Bu guşlar, hakykatdanam, dünýäde iň kiçi guşlaryň biridir. Olaryň içinde has uly wekilleri hem duş gelýär. Uly wekilleriniň agramy 20 grama, käbirleriniň uzynlygy 21 santimetre ýetýär. Bu guşlaryň höwürtgesinde iki sany ýumurtga bolýar, ýumurtgasynyň diametri 10 millimetre ýetýär.

Maral ORAZOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar