«Nur» – sagdynlygyň merkezi

2 Dekabr 2022
898

Döwletli döwrana ýeten eziz Diýarymyzyň her bir güni Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ajaýyp zähmet ýeňişlerine, şanly wakalara beslenýär. Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeginde ajaýyp desgalaryň birnäçesi gurlup ulanylmaga berilýär. Döwletimizde telekeçiligi goldamak, hususy pudagyň işiniň has-da ösdürmek üçin zerur bolan mümkinçilikler döredilýär. Munuň aýdyň mysalyny gurlup ulanmaga berilýän dürli maksatly binalardan görmek bolýar.

Ýakynda  telekeçilere 99 ýyllyk möhlete bölünip berlen ýer böleginden gurlan, zenanlar üçin niýetlenen «Nur» fitnes merkezi açylyp ulanylmaga berildi. Daşoguz şäherinde ýerleşýän bu merkeze Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Gülara Rozmetowa ýolbaşçylyk edýär. Fitnes merkezinde zenanlar üçin ýörite türgenleşik zaly, gyzjagazlar üçin tans zaly, üsti ýapyk howuz, fitnes kardio zaly we berhiz iýmitleri hödürleýän naharhana hereket edýär. Zenanlaryň saglygyny berkitmekde möhüm ähmiýete eýe bolan bu merkezde tikinçilik sehi, massaž otagy hem bar. Bir wagtyň özünde 200-e golaý zenany kabul etmäge mümkinçiligi bolan fitnes merkezinde oturdylan türgenleşik enjamlary dünýäniň iň täze gazanan sport enjamlary bolup durýar. Bu ýerde türgenleşik günüň dowamynda 3 tapgyrda, ýagny irden, öýlän we agşam alnyp barylýar. Fitnes merkezinde döredilen mümkinçilikleri synlanyňda, ýurdumyzda zenan saglygynyň ygtybarly goragyny üpjün etmekde bedenterbiýäniň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini görmek bolýar. Zenan mertebesiniň arşa göterilýän ajaýyp zamanasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmaga döredilýän mümkinçilikler üçin bagtyýar gelin-gyzlar hormatly Prezidentimize özleriniň hoşallyklaryny beýan edýärler.

Jahan MAŞALOWA,
TZB-niň ýanyndaky Işewür zenanlar merkeziniň Daşoguz welaýat bölüminiň müdiri, telekeçi.
Beýleki habarlar