Döwrebap ýyladyşhanada işler ileri

30 Noýabr 2022
772

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekde, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini, maddy hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmakda hem-de dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmakda uly işler durmuşa geçirilýär. Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan telekeçilik ulgamyny ösdürmek, öňdebaryjy bazar usullaryny giňden ornaşdyrmak arkaly ykdysadyýetimizde hususy pudagyň eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrmak üns merkezinde saklanýar.

Welaýatymyzyň hususyýetçileri hem döwlet Baştutanymyzyň özleri barada edýän aladalaryna mynasyp zähmet görkezijileri bilen jogap berýärler. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzasy Halmämmet Amanmämmedowa degişli bolan, Balkanabat şäheriniň golaýynda, Düzmergen ýaýlasynda gurlan döwrebap ýyladyşhana hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýyladyşhananyň önümçilik mümkinçilikleri häzirki döwürde hususy pudagyň okgunly ösüşlere eýe bolýandygyny ähli aýdyňlygy bilen görkezýär. Gollandiýada, Türkiýede öndürilen enjamlar bilen üpjün edilen ýyladyşhanada ähli işler döwrebap tehnologiýalara we kämil kompýuterlere daýanýar.

Çynar Nuryýewa,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy.
Beýleki habarlar