Ak we gara leglekler

30 Noýabr 2022
1430

Leglekler owadan guş bolup, häzirki döwürde olaryň 17 görnüşi bellige alnandyr. Şolardan 2 görnüşi ýurdumyzda duş gelýär. Olar ak we gara legleklerdir.

Ak leglekleriň ýelek örtüginiň aglaba bölegi ak reňkdedir. Ganatlarynyň uçlary ýalpyldawuk gara, uzyn çüňki we aýaklary gyzyldyr. Mäkiýany horazyndan biraz kiçiräk bolup, reňkleri boýunça tapawutlanmaýarlar. Leglekler ümsüm guş bolup, ganaty 55-60 santimetr, agramy 4 kilograma golaý bolýar.

Merýem Söýünowa,
Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň gorag bölüminiň döwlet inspektory.
Beýleki habarlar