Beýik ösüşlere mynasyp goşant

16 Noýabr 2022
808

Hormatly Prezidentimiz: «Telekeçileri hemmetaraplaýyn goldamak döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm ugry bolup durýar. Bu goldaw türkmen telekeçilerine ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryny ösdürmäge, içerki we daşarky bazarlary bäsleşige ukyply harytlar bilen üpjün etmäge, öňdebaryjy tilsimatlary önümçilige ornaşdyrmaga, täze önümleri çykarmaga giň mümkinçilik berýär» diýip nygtaýar.

Döredilýän giň mümkinçiliklerden, berilýän goldaw-hemaýatlardan netijeli peýdalanmak  bilen, içerki bazary özümizde öndürilýän önümler bilen bolelin üpjün etmekde, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmakda, şeýlelikde, köpugurly ösüş arkaly milli ykdysadyýetimiziň binýadyny pugtalandyrmakda telekeçilerimiziň goşýan goşantlary-da guwandyryjydyr. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Nurly meýdan» daýhan hojalygyna degişli guşçulyk toplumyny agzamak bolar. Daýhan hojalygynyň ýyllyk kuwwatlylygy 8 million ýumurtga öndürmäge niýetlenen döwrebap guşçulyk toplumynda towuklary talabalaýyk idetmek we köpeltmek üçin ähli şertler bar. Bu ýerde idedilýän towuklar, esasan, loman tohumly bolup, olar ýumurtga berijiligi bilen tapawutlanýar. Guşçulyk toplumynda her aýda 1350 müň ýumurtga alynýar.

Tuwakgylyç Weliýew,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar