Işi ileri işewürler

9 Noýabr 2022
1201

Mälim bolşy ýaly, 2008-nji ýylyň 17-nji martynda döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hususyýetçi agzalaryň müňlerçesini birleşdirýän, telekeçilik başlangyçlaryny giňden goldaýan iri jemgyýetçilik guramasyna öwrüldi. Örän gysga wagtyň — 14 ýylyň dowamynda türkmen telekeçileri tarapyndan amala aşyrylan işler ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa we innowasiýa ýoly bilen kämilleşdirmekde, ähli pudaklary hem-de ýurdumyzyň sebitlerini sazlaşykly ösdürmekde, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan döwrebap önümçilikleri döretmekde, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmakda milli ykdysadyýetimiziň hususy bölegine aýratyn ornuň degişlidigini we bu ugurdaky işleriň döwlet tarapyndan giňden goldanylýandygyny aýdyň görkezýär.

Bu günki günde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda eziz Diýarymyzda döwletimiziň ykdysadyýetini durnukly ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleri doly peýdalanmak wezipesi öňümizde goýlup, alnyp barylýan ähli işler esasy maksada — mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Hut şoňa laýyklykda hem, döwletimiz bazar gatnaşyklaryna geçmegi çaltlandyrmaga, hususan-da, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagyny çalt depginler bilen ösdürmäge uly üns berýär. Bilelikdäki kärhanalar we paýdarlar jemgyýetleri döredilýär, gazna biržalarynyň we gymmatly kagyzlaryň bazarynyň işi ýola goýulýar.

«Esger».
Beýleki habarlar