«Aýs» — meşhurlyga eýe

1 Noýabr 2022
1394

Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň çäginde ýerleşýän «Aýs» haryt nyşanly alkagolsyz içgileri öndürýän kärhananyň önümleri ilat arasynda uly meşhurlyga eýe bolýar. Telekeçi Tirkişgeldi Durdymyradowa degişli bolan, Polşanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ösen tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan kärhanada häzirki wagtda ilatyň köp isleg bildirýän alkagolsyz gazlandyrylan içgileriň ençeme görnüşleri öndürilip, olar ýokary hil derejesi bilen tapawutlanýar. Olaryň arasynda 0,5 we 1,5 litrlik plastik gaplara gaplanan «Aýs kola», «Aýs pyrtykal», «Aýs zirk» we «Aýs zirk-ýertudana» ady bilen ilata hödürlenýän dürli tagamly içgiler bar.

Kärhanada önümçiligi täze ýola goýlan önümler gazlandyrylmadyk sowuk içgiler bolup, olar ýertudana, limon, narpyz, zirk we zirk-ýertudana tagamly içgilerdir. Olar 330 millilitrlik gaplara gaplanýar. Bu önümleriň kiçi gutulara gaplanmagy içgini ýanyňda götermäge oňaýlylyk döredýär.

Meretgül ALLANUROWA,
Ahal welaýatynyň teleradio studiýasynyň gepleşikleri gurnaýjy we taýýarlaýjysy.
Beýleki habarlar