Eziz watandaşlar!

13 Sentýabr 2022
1421

Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky şanly Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň raýatlaryna erkin pul serişdelerini amatly şertlerde ýerleşdirmek üçin «Garaşsyzlygyň ýalkymy» atly täze möhletli goýumyny hödürleýär

«Garaşsyzlygyň ýalkymy» möhletli goýumy ýyllyk 8% bilen 6 (alty) aý möhlete we ýyllyk 11% bilen 12 (on iki) aý möhlete açylýar, goýumyň iň az möçberi 1 000 (bir müň) manat bolup, aňryçäk möçberi çäklendirilmedik. Pul serişdeleri nagt görnüşinde kabul edilýär we goýumyň üsti doldurulmaýar, şeýle hem göterimler her aýda hasaplanýar hem-de tölenýär.

Beýleki habarlar