Ganatlaryny ýaýýan guşlar

17 Awgust 2022
2620

Tebigat täsinliklerden doly. Eziz Diýarymyzda ýüz dürli owaz bilen saýraşyp, gökde ganat ýaýyp ýören guşlara syn etmegiň hem özboluşly lezzeti bar. Guşlar howada uçmak, saklanmak üçin ganatlaryny peýdalanýarlar. Olar uçmakçy bolanlarynda, ilki bilen, göwresini aşak egip, aýaklaryny epýärler hem-de bat bilen ýokary böküp, şol bada ganatlaryny hereketlendirip başlaýarlar. Uçan mahaly ganatlarynyň arasyndan howa geçmez ýaly ýeleklerini gysýarlar.

Guşlaryň iň ösen beden agzasy gözleridir. Gyrgy, bürgüt, laçyn ýaly guşlaryň gözleri adamyňkydan 10 esse ýitidir. Olar awyny, duşmanlaryny arkaýyn saýgaryp bilýärler.

Aýbölek Köçekowa,
Serdar şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar