Gyzyl panda

3 Awgust 2022
2748

Dünýäniň täsin haýwanlarynyň biri hem kiçi ýa-da gyzyl pandalardyr.

Boýy 51 — 64, guýrugy 28 — 48 santimetre ýetýän bu jandarlaryň agramlary 3,7 — 6,2 kilograma, ene pandalaryňky 4,2 — 6 kilograma barabar bolýar. Gür, iňňe ýaprakly we bambuk agaçly kiçiräk tokaýlarda, ýylylygyň ortaça temperaturasy 10 — 25 gradusda ýaşaýan gyzyl pandalaryň ýaýran ýerleri demirgazyk Birmadaky, Nepaldaky, günorta Hytaýdaky 2200 — 4800 metr belentlikde bolan Gimalaý daglarydyr. Kelleleri aýlawly, göwresi uzyn, gulaklary uly we ýiti uçly bolan bu pandalaryň köp duş gelýän reňki, esasan, çypar-goňur bolup, bu reňke bütin bedeni, ýüzi we gulaklaryna çenli gurşalandyr. Çypar guýrugy, takmynan, 12 sany göze ilmeýän insiz halkalardan ybaratdyr.

Beýleki habarlar