Ýaşlar öňde goýlan maksatlary amala aşyrmakda kuwwatly güýçdür

11 Iýul 2022
1359

Türkmen ýaşlary ýurdumyzyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni durmuşyna işjeň gatnaşýarlar. Häzirki döwrüň talaplaryna hem-de geljekki ösüşiň ugurlaryna laýyklykda, bu babatdaky milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak boýunça degişli işler amala aşyrylýar. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 14-nji iýunynda rejelenen görnüşi taýýarlanýan “Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna bagyşlanan maslahaty geçirmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy öz çykyşynda ýaşlar syýasatynyň dürli ugurlaryna we ýokarda agzalan Kanunyň kämilleşdirilmegine degişli anyk başlangyçlary öňe sürüp, jemgyýetçiligiň pikirlerini hem-de maslahatlaryny, tekliplerini nazara alyp, oňa üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek meselelerine toplumlaýyn, ylmy esasda çemeleşmegiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenlerinden, alymlardan gelip gowşan teklipleri öwrenip, umumylaşdyryp hem-de seljerip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň garamagyna hödürlemegiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly sargytlary we öňdengörüjilikli taglymlary halkymyza, Watanymyza wepaly gulluk etmekdäki şahsy göreldesi häzirki zaman ýaşlary üçin möhüm durmuş çelgisidir.

Sapar ATABERDIÝEW,
Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar