«Micro­soft»-yň «Ed­ge 103» brau­ze­ri­niň täze wer­si­ýasy

26 Iýun 2022
1248

Ge­çen hep­dä­niň ba­şyn­da «Micro­soft» prog­ram­ma­nyň dur­nuk­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak üçin, tä­ze aý­ra­tyn­lyk­la­ry we umu­my dü­ze­diş­le­ri girizilen «Ed­ge» brau­ze­ri­niň tä­ze dur­nuk­ly wer­si­ýa­sy­ny çy­kar­dy. «Ed­ge 103» tä­ze­den iş­le­nip dü­zü­len «Micro­soft De­fen­der SmartScre­en» ki­tap­ha­na­sy­na esas­lan­ýan has güýç­li web go­ra­gy­ny üp­jün ed­ýär. Şeý­le-de brau­ze­riň tä­ze wer­si­ýa­syn­da sal­gy se­ti­rin­dä­ki iş te­ma­la­ry­ny göz­le­mek üçin ban­ner dö­re­dil­di. Ban­ne­r ula­ny­jy­la­ra öz gu­ra­ma­la­ryn­da iş bi­len bag­la­ny­şyk­ly mag­lu­mat­la­ry has çalt tap­ma­ga ýardam berer. Mu­nuň üçin sal­gy se­ti­ri­niň ba­şyn­da de­giş­li ny­şa­ny iş­jeň­leş­dir­mek ýe­ter­lik­dir.

Kom­pa­ni­ýa geljekde dün­ýä­ ilatynyň iş­jeň­ ulan­ýan «Micro­soft» prog­ram­ma­la­ry­ny we beý­le­ki hyz­mat­la­ry­ny gi­ňelt­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan: Aýnur MEREDOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň halkara täjirçilik hünäriniň 3-nji ýyl talyby.
Beýleki habarlar