Tebigatymyzyň täsinlikleri

10 Maý 2022
2260

Häzirki döwrüň maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň çäginde guşlaryň 436 görnüşine duş gelmek bolýar. Olaryň arasynda ýurdumyzda oturymly, gyşlaýan we yssy ýurtlara göçüp gidýänleri-de bar.

Kiçi garajagaz — Türkmenistandan uçup geçýän, höwürtgeleýän we gyşlaýan guş. Ol, esasan, Sarygamyşda we Amyderýada duş gelýär. Gamşyň üýşmeklerinde, suwda we kenarýakada, gyrymsy agaçlarda topar bolup höwürtgeleýärler. Esasy iýmiti balyklar, seýrek halatda ýerde-suwda ýaşaýanlar ýa-da suw oňurgasyzlary.

Selbiniýaz GARAGÖZOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar