Täsin maglumatlar

3 Maý 2022
2680

Alymlaryň geçiren ylmy-barlag işleriniň netijesi boýunça berilýän köp sanly maglumatlara görä, atlaryň görüjiligini, syzgyrlygyny, ýatkeşligini beýleki hiç bir haýwanlaryňky bilen deňeşdirip bolmaýar. Atlar yslary oňat saýgarýarlar we ýatda saklaýarlar. Olar eýeleriniň keýpiniň nähili ýagdaýdadygyny duýýarlar.

Atlaryň ýene-de bir geň galdyryjy häsiýeti, olaryň oňat, mylaýym sazlary gowy görýändikleridir. Güňleç we gümmürdili sazlary olar halamaýarlar. Geň galdyrýan ýeri bolsa, olaryň göwünlerine hoş ýakan sazlaryň sesi çala eşidilýän bolsa hem, olary gulaklarynda güýçlendirip bilýänligidir. Bu häsiýet başga hiç bir haýwanda ýokdur.

Döwletgeldi WELIÝEW,
Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar