Dag goçy

30 Mart 2022
3284

Täsin tebigaty bolan ýurdumyz ösümlik we haýwanat dünýäsine baýdyr. Günorta-Günbatar Köpetdag hem şeýle ýerleriň biri bolup, bu ýerde duş gelýän ösümliklerdir haýwanlaryň ençeme görnüşleri Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Bu ýerde duş gelýän haýwanlaryň biri-de dag goçlarydyr.

Dag gerişleriniň eňňitleri, dürli otly baýyrlyklar, çöl öri meýdanlary dag goçlaryna (aýraklara) ýaşamak üçin oňat ýer bolup hyzmat edýär. Ýatanlarynda çöketlik ýerlerde, sowuk şemaldan sowa ýerlerde gijäni geçirýärler. Beýleki toýnaklylaryň köpüsinde bolşy ýaly, dag goçlary hem irden, agşamara, käte bolsa gijelerine otlaýarlar. Günüň yssy wagtlarynda dynç alýarlar, gyşyna bolsa hemişe hereketde gezip, günüň bütin dowamynda otlap gezýärler. Iň gurak we yssy aýlarda olaryň aglabasy çeşmeleriň golaýyndaky öri meýdanlaryna aralaşýarlar. Çeşmelerden suwsuzlyklaryny gandyrmak üçin bu ýerlere yzygiderli gatnaýarlar. 

Hanmeňli HOJAMÄMMEDOWA,
Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar