Telekeçilik — altyn gazna

28 Mart 2022
1350

Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen ýurdumyzda 2008-nji ýylyň 17-nji martynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi döredildi. Diýarymyzda on dört ýyldan bäri hereket edýän bu birleşme hususyýetçileriň müňlerçesini özüne birleşdirýär. Ýurdumyzda öz ýerli çig mallarymyz esasynda önüm öndürýän telekeçilerimize uly ähmiýet berilýär.

Döwlet tarapyndan degerli goldaw tapýan senagatçylaryň we telekeçileriň köpüsiniň ýaşlar bolmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Sebäbi milli Liderimiz ýaşlaryň täze ýetişen ylymly-bilimli, giň gözýetimli, başarjaň we zehinli nesline uly bil baglady. Döwletli Diýarymyz raýatlaryna bagt getirýän Humaý guşy bolsa, ýaşlar onuň ganatydyr. Olaryň alyp barýan il bähbitli işleri tutuş ýurduň hereketlendiriji güýjüdir.

Myrat ANNAMUHAMMEDOW,
«Türkmen Galkan» hususy kärhanasynyň başlygy.
Beýleki habarlar