Ýewropanyň iň uly pişigi

25 Mart 2022
3149

Ýewropa diňe bir taryhy ymaratlary bilen tanalman, eýsem, baý tebigaty bilen hem bellidir. Haýwanat we ösümlik dünýäsine baý bolan Ýewropada dünýäniň beýleki materiklerinden tapawutlylykda, hiç hili çöllük gabat gelmeýär. Diňe belli bir sebitde ýaşaýan – endemiki jandarlaryň onlarçasy Ýewropada duş gelýär. Şeýle jandarlaryň biri hem ryslardyr. Az sanlysynyň galandygy sebäpli ýabany pişigiň bu görnüşi goralyp saklanýar. Rys Ýewropada duş gelýän iň uly ýyrtyjy pişik hasaplanýar. Biziň ýurdumyzda duş gelýän garagulaklara meňzeş bolan bu jandara latynça «lynx» diýilýär. Ýabany pişikler maşgalasynyň agzasynyň jemi dört görnüşi bolýar. Agramy 4,5 kilogramdan 17 kilograma çenli bolýan bu jandaryň boýy 67-106 santimetr aralygynda bolýar. Ryslaryň ömrüniň dowamlylygy 25 ýyl. Adaty pişiklerden 5 esse agyr bolýan bu jandarlaryň gulaklary uzyn we gulagynyň ujunda gara tüýjagaz bolýar. Howa sowap başlanda onuň bedeniniň ähli ýerindäki tüýleri ösýär. Bu jandarlar uly penjeli, goýy goňur reňkli, bedenine görä kellesi kiçi bolýar. Ryslar, adatça seljeň sosna tokaýlarynda ýaşaýarlar. Olaryň käbir görnüşi deňiz derejesinden 3000 metr belentlikde ýaşaýar. Ryslar beýige dyrmaşmakda ökde boluşlary ýaly, ýüzmekde hem ökde bolýarlar. Beýleki ýyrtyjy jandarlar ýaly, ryslar hem awuna ilki ýiti göreji bilen syn edýärler, soňra assyrynlyk bilen oňa golaýlap, bir towsanda ony tutmaga çalyşýarlar. Ryslar kähalatlarda topar bolup hem aw edýärler. Häzirki wagtda Norwegiýada, takmynan, 600 rysyň bardygy çaklanylýar. Bu jandarlar Bütindünýä tebigaty goraýyş bileleşigi tarapyndan hasaba alnan, howp astyndaky 120 süýdemdirijiniň biridir. Ryslaryň beýleki görnüşleri Ýewropa ýurtlaryndan başgada, Demirgazyk Amerikanyň tokaýlarynda, Kanadanyň we Meksikanyň günorta sebitlerinde duş gelýärler.

Beýleki habarlar