Hususyýetçiligiň gerimi giňeýär

14 Mart 2022
1436

Welaýatymyzyň zähmetsöýer telekeçileri ilatyň azyk önümleri bilen bol-elin üpjün edilmegi üçin gaýratly zähmetlerini gaýgyrmaýarlar. Netijede, ak bazarlarymyzyň dürli azyk önümlerinden doly bolmagy gazanylýar. Ýyladyşhana şertlerinde şol önümleriň ýetişdirilmegi üçin olarda agrotehnikanyň talaplaryna laýyk işler alnyp barylýar. Ony S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň çäginde ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Altyn gala gurluşyk» hususy kärhanasyna degişli bolan ýyladyşhananyň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar.

4,6 gektar meýdany tutýan ýyladyşhanada pomidoryň, bolgar burçunyň dürli görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Häzirki wagtda bu ýerde hasyl ýygnamak işleri alnyp barylýar. Ýyladyşhanada «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň häzirki günlerine çenli jemi öndürilen pomidor  hasyly 319 tonna barabar bolup, şonuň 261 tonnasy daşary ýurtlara, galan bölegi bolsa özümiziň içerki bazarlarymyza iberildi. Ýeri gelende kärhananyň eksport mümkinçiliginiň giňeýändigini bellemek gerek. Çünki bu ýerde ýetişdirilýän pomidoryň, bolgar burçunyň ekologiýa taýdan arassalygy dünýä bazarlarynda onuň gymmatynyň ýokarlanmagyna, islegiň artmagyna getirýär. Netijede, häzirki wagtda öndürilýän önümler Russiýa Federasiýasyna hem-de Gazagystan Respublikasyna eksport edilýär. Önümleriň ugradylyşyna  Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň  welaýat boýunça bölümi, welaýat Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň, welaýat gümrükhanasynyň işgärleri yzygiderli gözegçilik edýärler.

Öz habarçymyz.
Beýleki habarlar